Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BMG-NIŇ DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI DUŞUŞYGYNDA ÇYKYŞ ETDI
Ýazylan wagty: 26 сентября 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BMG-NIŇ DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI DUŞUŞYGYNDA ÇYKYŞ ETDI

2015-nji ýylyň 26-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän we onuň esasy wakalarynyň biri bolup durýan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki duşuşygyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, 24-nji sentýabrda türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabatdan Nýu-Ýorka ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary 13 sagatdan soň, ýagny Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda “Jon F.Kennedi” adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti howa menzilinden özi üçin sapar mahaly “Peninsula” kaşaň myhmanhanasynda bellenilen kabulhanasyna tarap ugrady.  

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Nýu-Ýorka, BMG-niň ştab-kwartirasyna şu saparynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara – hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenen ýylynda amala aşyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär, şeýle hem dünýäniň ykrar edilen ylalaşdyryjy merkezleriniň biri bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütindünýä forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň   BMG bilen köp ugurly netijeli gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň BMG bilen däbe öwrülen, strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň we giň goldaw tapmagynyň tassyklanmasydyr. Olar häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan dünýä ähmiýetli möhüm meseleleriň ençemesini öz içine alýar. 

Düýn Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Aragatnaşyk we jemgyýetçilik habarlary boýunça BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Kristina Gallah, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, gender deňligi hem-de aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi meseleleri boýunça (“BMG-Zenanlar”) BMG-niň düzüminiň ýerine ýetiriji direktory hanym Fumzile Mlambo-Ngkuka bilen duşuşyk geçirdiler. Mundan başga-da, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekilleri “Toparlaryň 77-si we Hytaý”  toparyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň her ýyl geçirilýän duşuşygyna-da gatnaşdylar.  

Şu günüň birinji ýarymynda Nýu-Ýork wagty bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  BMG-niň ýokary derejedäki duşuşygynyň geçirilýän ýerine—Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň binasyna bardy. 

2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky gün tertibini – degişli ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň köpugurly, toplumlaýyn meýilnamasyny kabul etmek bu iri forumyň esasy netijesi bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu täze global strategiýany işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan döwletleriň toparyna girdi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň Türkmen döwletiniň oňyn tejribesine gyzyklanmasynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Çünki Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler syýasatyny amala aşyrýar hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazandy. 

Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan  degişli ugurda umumy tagallalara önjeýli goşant goşup, dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Bireleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde häzir birnäçe taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanyň BMG-niň ÝYK-niň Durnukly energetika baradaky komitetiniň Býurosynyň başlygynyň orunbasarlygyna hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Başlyklygyna saýlanmagyny ýatlasak ýerlikli bolar. 2011-nji ýylyň aprelinde ýurdumyz BMG-niň abraýly edaralarynyň birbada üçüsiniň düzümine—2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş baradaky komissiýasynyň, 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri baradaky komissiýasynyň, şeýle hem hemişelik esasda—BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň, 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan BMG-niň esasy edaralarynyň biri – 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, 2013-nji ýylyň noýabrynda 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň, şu ýylyň aprelinde bolsa 2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri baradaky düzüminiň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. 

Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar.  Munuň şeýledigi türkmen Lideriniň iri halkara maslahatlaryna yzygiderli gatnaşmagynda hem öz beýanyny tapýar. Şol maslahatlar köptaraplaýyn pikir alyşmak hem-de derwaýys global meseleleri boýunça çözgütleri işläp düzmek üçin köpugurly binýat bolup durýar. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän hem-de global işlerine täze netijeli itergi berjek durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki duşuşyk döwlet we hökümet baştutanlaryny, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ýokary wezipeli wekillerini birleşdirdi. 

Ýokary derejedäki duşuşygyň açylyş dabarasyndan soň,  oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy, olaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda dünýä bileleşiginde uly abraý gazanan görnükli syýasy Lider hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.  

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň global forumynyň belent münberinden çykyş edip, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny amatlaşdyrmaga gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi. 

Milli Liderimiz wekilçilikli maslahata ýüzlenip hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň Başlygyny we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny, maslahata gatnaşyjylary mübärekläp,  
Durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň bellenýän döwründe geçirilmeginiň bu çärä aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.   

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň ösüş babatda halkara gün tertibini ilkinji gezek kesgitläp, häzirki döwrüň birnäçe möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen, arkalaşykly hereket etmegiň usulyny döreden pursadyndan bäri 15 ýyl geçdi.

Häzir biz Müňýyllygyň jarnamasynda beýan edilen Ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleriň ýakyn 15 ýyllyk döwürde bilelikde işlemek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigini ynam bilen aýdyp bileris. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda gutarylman galan işleri tamamlamak hem möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.  

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýä bileleşigine häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryna esaslanýan we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze, ählumumy strategiýasy zerurdyr diýip belledi. Ýokary derejedäki şu duşuşykda tassyklamak üçin hödürlenen, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibi şeýle strategiýa bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamany doly goldaýandygyny we onuň kabul edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy. 

Ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen täze Gün tertibiň ösüş babatdaky meseleleri çözmäge esasy çemeleşmeleri öz içine alýandygyna doly ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşiginiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir. 

Milli  Liderimiz bu barada aýdyp, ýokarda sanalyp geçilen şertleri nazara almak bilen, durnukly ösüşiň ykdysady wezipelerini ýerine ýetirmekde halkara bileleşiginiň takyk we sazlaşykly işlemegi geçiriljek işleriň köp babatda göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu bolsa, gymmat bolmadyk we ygtybarly häzirki zaman energiýa serişdeleriniň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem, durnukly ykdysady ösüşi we iş bilen doly üpjünçiligi gazanmaga ýardam berer. Çeýe üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, senagat taýdan durnukly ösüşi goldamaga we innowasiýalary höweslendirmäge giň şertleri döreder. 

Bu işleriň ählisi ahyrky netijede, bize önümçiligiň we sarp etmegiň durnukly ülňülerini döretmäge, ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmaga mümkinçilik berer diýip hormatly Prezidentimiz belledi. Elbetde, göz öňünde tutulan bu maksatlara ýetmek özara gatnaşyklaryň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen aýrylmaz baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň birinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň täze ählumumy usulyny döretmek baradaky meselä seredilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip nygtady hem-de  Türkmenistanyň bu ugra degişli anyk teklipleri bermäge taýýardygyny belledi. 

Bu baradaky gürrüňini  dowam edip, türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Durnukly ösüşiň  maksatlaryny amala aşyrmak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň sebit toparlarynyň bu ugurda alyp barýan işleri güýçlendirilse, dogry bolar diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň nygtaýyşy ýaly, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Gün tertibiň esasy häsiýetnamalarynyň biri hem onda ýaşaýyş - durmuş  meselelerine aýratyn üns berilmegidir. Şoňa görä-de, Durnukly ösüş maksatlarynda ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň birinji orna çykarylmagy ýöne ýerden däldir. Bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň, şeýle hem ählumumy wezipeleri amala aşyrmaga gönüden-göni jogap berýän halkara guramalarynyň alyp barýan anyk maksada gönükdirilen işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak bilen baglydyr.

Şeýlelik bilen, dünýäde garyplygy aradan aýyrmak, açlyga garşy göreş alyp barmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitlenmek  ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ähli ýurtlaryň bilelikde hereket etmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, ähli döwletleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Azyk we Oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk guramasy ýaly edaralary bilen sazlaşykly işlemegi zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejede Azyk maslahatyny çagyrmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda netijeli işleri alyp barmaga taýýardygymyzy beýan edýäris diýip aýtdy. 

Ýaşaýyş - durmuş wezipeleriniň    hatarynda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek möhüm orny eýeleýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, beýleki halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerurdyr. Bu bolsa, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meseleleri hem täze halkara Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip bellemek bilen, Birleşen Milletler Guramasy giňden höweslendirse, bu işleriň netijeli boljakdygyna doly ynan bildirdi. Geçiriljek işler giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilim babatda ýurtlar, sebitler boýunça we ählumumy derejede täze maksatnamalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylmalydyr. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň belli bir ugurlar boýunça guramalary we agentlikleri bilen örän işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistan taýýardyr. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasyna, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna we Çagalar   Gaznasyna esasy hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gender deňligi ählumumy ösüş    strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýar diýip, sözüni dowam etdi. “Biz bu ugurda öz öňümizde belent maksady goýduk. Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar” diýip Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda dünýä      döwletleriniň baştutanlarynyň gender deňligi boýunça duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen belleýşi ýaly,  şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Şeýlelik bilen, howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigine aýdyň düşünýäris. “Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş sekretarynyň ählumumy ekologiýa      töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýarys” diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilen duşuşyklarynyň we halkara maslahatlarynyň dünýäde daşky gurşawy goramak     meselelerini çözmäge uly goşant goşandygyny belledi.

Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Parižde geçiriljek       maslahatynda biziň ählimiz bilelikde bütin dünýä üçin örän uly ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul etmeli bolarys diýip, türkmen Döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň howa bilen bagly meseleler boýunça halkara Ylalaşygyna gol çekilmegini goldap çykyş edýändigini we Maslahata çenli galan döwürde bu ugurdaky garaýyşlaryň işjeň öňe sürülmegine ýardam berjekdigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda,milli Liderimiz biziň döwletimiziň dürli maslahatlarda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda öz konsepsiýasyny resmi taýdan beýan edendigini we birnäçe anyk teklipleri öňe sürendigini ýatlatdy. Bu teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. Türkmenistan bu garaýşa ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda Aşgabatda şeýle Merkezi döretmek üçin zerur işleri geçirmäge taýýardyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, 2015-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýyl  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara derejesinde ykrar etmek     baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine 20 ýyl dolýar.

Geçen döwür biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan bitarap daşary syýasatynyň netijelidigini, onuň halkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Bu aýdylanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanyp, Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda täze Rezolýusiýany kabul etmegi bilen hem tassyklandy.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berk   we üýtgewsiz goldandyklary üçin, Türkmenistanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bitaraplyk, parahatçylyk we ösüş meselelerine bagyşlanan halkara maslahatynyň geçiriljekdigini belläp, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga belent münberden ýene-de bir gezek çagyrdy. 

Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we adalatyň belent maksatlaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatnamalaryny we wezipelerini durmuşa geçirmegiň hatyrasyna ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur işleri geçirjekdigini aýratyn belledi. 

Türkmen Lideriniň çykyşy uly gyzyklanma bilen üns berlip diňlenildi we umumy el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul-Fattah Halil As-Sisi we  Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis bilen duşuşyklary geçirdi. 

Şol gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Deňsizlige garşy göreş, aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy” diýen mowzuga bagyşlanan ýokary derejeli interaktiw gepleşiklerine gatnaşdylar.

Okalan sany: 125   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16053 sek. ýüklenen baýt: 55009