Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Awazada «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergi we maslahat geçirilýär
Ýazylan wagty: 26 сентября 2015 Ýazan Krassavchik

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 29—30-njy sentýabry aralygynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisini we maslahatyny geçirýär. Sergi Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Seýrana» myhmanhanasynda geçirilýär.

Sergä Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Syýahatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Serginiň iş wagtlary:

29-njy sentýabrda sagat 10-00-dan 20.00-a çenli;

30-njy sentýabrda sagat 10.00-dan 17.00-a çenli.

Okalan sany: 164   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09083 sek. ýüklenen baýt: 29552