Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sportdaky buýsançly menzil
Ýazylan wagty: 27 сентября 2015 Ýazan Mayichka

Sportdaky buýsançly menzil


 


Halkymyzyň şu güni, bagtyýarlyk zamanasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, parasatly, parahatçylyk söýüji içki we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Özgerişler, haýrana goýujy ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň açylanda ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýan sport ulgamy biygtyýar seniň seriňe dolýar.


Sport we bedenterbiýe ulgamy häzirki döwürde ösüş ýolunda. Sport munuň özi halklaryň dostlugy, raýdaşlygydyr. Sport arkaly halklar bir-birini tanaýar, türgenleriň üstünligi ýurduň sport abraýyny belende göterýär.


Sport we bedenterbiýe halkyň jan-saglygynyň, ýokary öndürijilikli zähmetiniň esasy çeşmeleriniň biridir. Her bir sagdyn raýat, sagdyn maşgala bolsa şol döwletiň baýlygy. Sport adamlaryň geljege, durmuşa bolan ynamyny artdyrýar.


Sagdyn, gelejege ynamly garaýan raýatyň bolsa almajak galasynyň, ýetmejek sepgitleriniň ýokdugyny durmuş bize doly subut edýär. Sport we bedenterbiýe arkaly lukmanlaryň «alaç ýok» diýen beden näsazlyklaryndan adamyň saplanan mysallary hem durmuşda az däl. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak zyýanly endiklerden daşda durmagyň hem esasy şertleriniň biridigine ildeşlerimiz doly göz ýetirip gelýärler.


Öz halkynyň saglygyny, sebitde parahatçylygyň, asudalygyň berkarar bolmagyny öz syýasatynyň esasy ýörelgesine öwren Milli Liderimiz turuwbaşdan sporta we bedenterbiýäniň ösüşine uly üns berip başlady.


Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamadyň hem-de ösdürmegiň 2011—2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde bedenterbiýe dersleri girizildi. Munuň özi halkymyzyň arasynda uly goldaw, gyzgyn seslenme tapdy.


Şonuň ýaly-da «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem 200-den gowrak sport mekdepleriniň, 100-den gowrak sport desgalarynyň gurluşygy hem-de öňden bar bolan sport merkezleriniň durkuny täzelemek işleri uly depginde dowam edýär. Häzirki wagtda bu babatdaky işler öz aýdyň miwesini eçilýär.


Umuman, sport ulgamynyň ösüşi birnäçe şertler bilen esaslandyrylan diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Şeýle şertleriň hatarynda türgenleşikleri we ýaryşlary ýokary guramaçylykly ýagdaýda netijeli geçirer ýaly sport binalarydyr meýdançalaryň gurluşygyny görkezmek bolar. By ýörelge dowam edýän 2015-nji ýylyň 1-nji 6 aýynda hem güýçli depginde dowam etdirildi.               


Olardan küşt we şaşka mekdebiniň täze binasynyň, “Bagtyýarlyk” sport toplumunyň, Hazar şäherinde 350 orunluk, Etrek etrabynyň Madaw obasynda 350 orunlyk, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde 365 orunlyk we beýleki welaýatlarda gurlup ulanylmaga berlen sport mekdeplerini görkezmek bolar. Bu sport mekdeplerindäki döredilen giň mümkünçilikler öwgüli sözlere mynasyp.


Ýene-de bir wajyp şertleriň biri türgenlerimize halkara ýaryşlaryna, dünýä çempionatlarydyr kubok ýaryşlaryna, olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklaryna giň mümkünçilileriň döredilmegi bolup durýar. Bu babatda, geliň, anyk mysallara ýüzleneliň. 2015-nji ýylyň 1-nji ýarymynda türkmenistanly türgenler 86 sany halkara ýaryşyna gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 193-sini ýurdumyza getirmegi başarypdyrlar. 2014-nji ýylyň 1-nji ýarymynda bolsa türgenlerimiz 89 sany halkara ýaryşyndan medallaryň 179-syny berkarar döwletimiziň medallar gaznasyna goşmagy başarypdyrlar. Görşümiz ýaly türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky çykyşlarynyň netijeliligi ýokarlanypdyr.


2015-nji ýylyň 1-nji ýarymynda gazanylan medallaryň 73-si Altyn, 49-sy Kümiş we 71-si Bürünç medallardyr.


Elbetde, bu görkezijiler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport ulgamynyň ösüşini döwlet derejesinde garalýan esasy meseleleriň birine öwrendiginiň aýdyň miwesidir.


         2015-nji ýylyň 2-nji ýarymynda hem Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklan ýörite meýilnamasy esasynda köpsanly halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklyk meýilleşdirilýär. Ol ýaryşlaryň aglabasynyň 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berýän saýlama ýaryşlardygy bolsa, olaryň jogapkärçiligini hasda artdyrýar.


         Bize bolsa şeýle jogapkärli ýaryşlarda çykyş etjek türgenlerimize hotmatly Prezidentimiziň aladalaryna jogap edip, diňe ýeňiş gazanmaklaryny arzuw edäýmek galýar.


         Berkarar döwletimiziň sport ulgamy ösüş ýolunda. Sport arkaly ýurdumyzy indi Dünýä halklary tanaýar. Çünki sport—munuň özi halklaryň dostlugynyň buşlukçysy, parahatçylygyň ilçisi.


         Goý, ýurdumyzda we sebitde parahatçylyk söýüji syýasaty durmuşa geçirýän, sport ulgamynyň ösüşini belentliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun. Il-gün bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!


Okalan sany: 153   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03620 sek. ýüklenen baýt: 39013