Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÄZE SPORT TOPLUMLARY AÇYLDY.
Ýazylan wagty: 27 сентября 2015 Ýazan Mayichka

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň welaýatlaryna geçirýän her bir iş sapary hem il-gün bähbitli çäreler bilen utgaşyp gidýär. Ine, Balkan welaýatyna iş sapar döwründe hem halkymyzyň göwünlerini galkyndyran wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Milli Liderimiziň şol sapary döwründe açylan «Daýanç» we «Ýelken» atly monumentler bu günki gün Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gelýän myhmanlardyr ildeşlerimiziň üns merkezinde. Bu iki ajaýyp monument Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilen günlerinde açylmagy bolsa özboluşly mana eýe boldy. Häzirki döwürde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýatynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülýär. Sagdyn-durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy bolup, türkmenistanlylara, ilkinji nobatda ýaşlara bu ugurda şahsy görelde görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz adam hakdaky, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Muny hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmagy we bu behişdi mekanda täze sport toplumyny açyp bermegi aýdyň görkezýär. Şol welosipedli ýörişe gatnaşyjylar milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Oguzhan şaýoly boýunça üç müň metrden gowrak ýoly geçdiler.


Täze döwrebap sport toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prtezidentimiz  «fitnes bilen meşgullanmak islendik adam üçin uly ähmiýete eýedir» diýip aýratyn belläp geçipdi. Şonuň ýaly-da fitnesiň sagdyn-durmuş, myşssalary berkitmek, özüňe erk etmegi artdyrmak üçin aýratyn wajypdygyny nygtady. Täze sport toplumynyň açylyş dabarasy bu toplumda fitnes boýunça nemes hünärmeni Bert Rouşenbahyň gatnaşmagyndaky türkmen türgenleri üçin tälim beriji türgenleşikler bilen utgaşyp gitdi.


Okalan sany: 207   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14631 sek. ýüklenen baýt: 30376