Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
Ýazylan wagty: 28 сентября 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) ýolbaşçysy we Administratory hanym Helen Klark bilen duşuşdy.

Türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň biriniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi BMGÖM bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän we häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalaryň birnäçesi munuň aýdyň netijesi bolup durýar.

Hanym Helen Klark özüni BMG-niň ygtybarly we örän jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezen ýurduň-Türkmenistanyň Prezidenti bilen ýene-de duşuşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, türkmen döwletiniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara gatnaşyklarynda işjeň ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM-niň ýolbaşçysy türkmen Liderini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde  eden çykyşynyň üstünlige eýe bolmagy bilen gutlady we döwlet Baştutanymyzyň öňe süren hem-de ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen täze oňyn başlangyçlarynyň wajypdygyny aýratyn belledi. 

Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň  Ösüş maksatnamasynyň Administratoryna  birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýän oňyn gatnaşyklary üstünlikli ilerletmäge ýardam berýändigi, şeýle hem türkmen tarapynyň dünýäniň häzirki ösüşiniň möhüm wezipelerini netijeli çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini we ony uzakmöhletleýin esasda guraýandygyny nygtap, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny, tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň, şol sanda migrasiýa boýunça wezipeleriň  oňyn çözgütlerini gözlemäge gönüden-göni gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen “Musulman dünýäsiniň bosgunlary” we 2014-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdiriýetiniň howandarlygynda geçirilen migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça Halkara maslahaty munuň subutnamalarydyr. 

Hususan-da durmuşa geçirilýän ynspanperwerlik syýasat netijesinde  Türkmen döwleti  dürli sebäpler bilen öz öýüni goýup, ýurduň çäklerinden çykmaga mejbur bolan adamlaryň ikinji watanyna öwrüldi. Onuň tassyknamasy hökmünde milli Liderimiz 2011-2014-nji ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 5 müňe golaýyna Türkmenistanyň raýatlygy berlendigini belledi. Ýene 361 adam Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň Aşgabada resmi sapary wagtynda şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. BMG-niň Baş sekretary bu çäreleriň halkara ynsanperwelik hukugyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatynda oňyn tejribe hökmünde belledi.

Türkmenistanyň bu ädimlerine haýran galýandygyny beýan edip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy we Administratory hanym Helen Klark häzirki döwrüň ählumumy migrasiýa hereketiniň çylşyrymly ýagdaýynda Türkmenistan tarapyndan bu möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilen çäreleriň ähmiýetini belläp, tutuş dünýä üçin adamkärçilik ýörelgelerine eýermegiň oňyn göreldesi hökmünde örän möhümdigini we türkmen döwletiniň   adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça umumy ykrar edilen halkara kadalaryna, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap bilmäge hukugyny üpjün etmäge ygrarlydygyny tassyklaýar diýip aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň ene bir örän möhüm ugry bolan hem-de ählumumy durnukly ösüşiň hökmany şerti bolan ekologiýa barada aýtmak bilen, BMGÖM-niň baştutany Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň möhüm ähmiýetini belledi, bu duzumiň işi üçin türkmen tarapy Aşgabatda zerur bolan düzümleri hödürlemäge taýýardyr.   

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we BMGÖM-niň ýolbaşçysy halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny  we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Köp ugurlar boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Suw strategiýasyny kemala getirmegiň zerurlygy babatynda, halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň berýän artykmaçlyklary bilen utgaşyklykda özüniň netijeliligini görkezen öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ileri tutulmalydygy baradaky oňyn başlangyçlary  bu gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly esasy döredýär. 

Hanym Helen Klark döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan oňyn özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, bu özgertmeleriň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini şertlendirýändigini hem-de döwletiň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly esasy döredýändigini belledi. BMGÖM-niň Administratory  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän şanly sene – Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, özüniň oňyn Biataraplygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşa geçirýän açyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň sebitde hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz biziň  ýurdumyz häzirki zaman dünýäsinde eýeleýän ornuna oňat düşünmäge, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny birkemsiz berjaý etmäge esaslanýan daşary syýasat ugrunyň parahatçylyk dörediji konsepsiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi hem-de hanym Helen Klarky  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli  şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda  geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz we BMGÖM-niň Administratory  hoşlaşanlarynda, birek-birege üstünlikler arzuw etdiler hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine işjeň ýardam bermäge we Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Okalan sany: 160   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,23046 sek. ýüklenen baýt: 37165