Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
Ýazylan wagty: 28 сентября 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş serketary Pan Gi Mun bilen duşuşygy boldy.

BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bütindünýä forumynyň işine gatnaşandygy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Bitarap Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Sammitiň barşynda türkmen tarapynyň beýan eden täze başlangyçlary hem-de oňyn teklipleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar bolsa 2016-2030-njy ýyllar üçin umumydünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Jenap Pan Gi Mun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän açyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini nytgady. Şu ýyl ýurdumyz bu derejä eýe bolmagynyň 20 ýyllygyny belleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň iýun aýynda  geçirilen nobatdaky 69-njy mejlisinde BMG-niň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy”   Rezolýusiýasynyň gaýtadan kabul edilmegi hem türkmen Bitaraplygynyň oňyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin BMG-niň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň  geçen ýyllaryň dowamynda BMG bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.  Biziň ýurdumyz BMG-de bitarap , parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde tutuş halkara bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz  2015-nji ýylyň Türkmenistanda  Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigini belläp,  BMG-niň Baş sekretaryny bu şanly waka mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. 

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.  Hyzmatdaşlyk etmek babatda oňyn tejribe toplanyldy hem-de dürli ulgamlarda bilelikdäki birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi we olaryň amala aşyrylmagy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen iri edaralarynyň we düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini, şeýle hem taraplaryň däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar. 

Jenap Pan Gi Munuň belleýşi ýaly, BMG Türkmenistany häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň we oýlanyşykly çemeleşýän ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar. Türkmen döwleti halkara parahatçylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga we ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge degişli oňyn teklipler bilen çykyş edip, bu ugurda yzygiderli we anyk ädimleri ädýär. 

Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şu geçen ýyllaryň dowamynda bu merkez BMG-niň we sebitiň ýurtlarynyň arasynda möhüm ugurlaryň birnäçesi, şol sanda suw-energetika meseleleri, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de halkara terrorçylygyna garşy göreşmek boýunça özara gyzyklanma bildirilýän oňyn gatnaşyklar üçin  netijeli gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 

Hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňiň dowamynda BMG-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Aziýa ýurtlarynda ýaragsyzlanmak işine, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawy goramaga, ynsanperwer häsiýetli meseleleri, şol sanda göçüp-gonmak, bosgunlara hem-de raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. BMG-niň Baş sekreraty Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň parahatçylykly ösüşine hem-de durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine saldamly goşandyny aýratyn belledi. Bu bolsa tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisinde işjeň hem-de maksadalaýyk işleri alyp barjakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ägirt uly kuwwata eýe bolan bu hyzmatdaşlygyň her ýyl geljegi uly täze ugurlarynyň peýda bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  halkara gatnaşyklarynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugry barada durup geçip, BMG-niň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakyndaky Rezolýusiýalarynyň ikisiniň kabul edilmeginiň bu ugurda möhüm ädim bolandygyny belledi.  Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara bilermenler toparlarynyň işini kämilleşdirmek hem-de ählumymy gün tertibiniň möhüm ugry hökmünde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi meseleleri boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatdaky işi dowam etjekdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna degip geçip, Türkmenistanyň başyny başlan anyk energetika we ulag taslamalaryna -- Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH)  gaz geçirijisini gurmak, utgaşykly ulag-üstaşyr düzümini döretmek baradaky taslamalara ünsi çekdi. Şol taslamalar bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşmalydyr hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy höweslendirmelidir. 

Söhbetdeşligiň barşynda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Durnukly ösüş boýunça “Rio+20”  Bütindünýä maslahatynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de sebit derejesinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we bu ulgamdaky wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeleri kemala getirmek barada pikir alşyldy. 

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratiki özgertmelere hem-de ilkinji nobatda, bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere ýokary baha berip, bu ugurda mundan beýläk ädiljek ädimleriň Türkmenistany has ösýän we abadan döwletleriň hataryna çykarjakdygyna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň  BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýändigini belläp, türkmen tarapynyň tutuş adamzadyň mizemez ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgeleriniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň binýady hem hut şu ýörelgelere esaslanýar. 

Döwlet baştutanymyz we Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hem-de strategiki häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. 
Okalan sany: 174   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05932 sek. ýüklenen baýt: 39061