Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
Ýazylan wagty: 28 сентября 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Tun Razak bilen duşuşdy.

Türkmen Lideri we Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri ylalaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşler daşary syýasat ulgamynda türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, dünýä syýasatynyň esasy meseleleriniň ençemesi boýunça  ýurtlarymyzyň umumy garaýyşlara we çemeleşmelere eýerýändiklerini, ilkinji nobatda, bütin dünýäde, Merkezi Aziýada hem-de Aziýa –Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek maksatlaryndan ugur alýandyklaryny bellediler.

 Premýer-ministr  Najib Tun Razagyň nygtaýşy ýaly, Malaýziýa Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sammitde beýan eden durnukly ösüş baradaky täze döredijilikli teklipleriniň ähmiýetini belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl türkmen halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belleýär. Malaýziýa ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar etdi we ilki bilen Goşulmazlyk hereketine gatnaşýan ýurtlaryň maslahatynda, soňra bolsa Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitaraplyk derejesiniň berilmegini goldady diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Premýer-ministr Najib Tun Razagy bu şanly waka mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. 

Pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy  bilen gutlady we Malaýziýanyň wekilleriniň dekabr aýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek çärelere gatnaşjakdygyny belledi. 

Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministrine biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy, şeýle hem BMG-niň 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşine we 2012-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlawlarda Türkmenistany goldandygy üçin  minnetdarlyk bildirdi. Biz şeýle hem Malaýziýa bilen Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň Assosiasiýasynyň çäklerinde döwletlerimiziň ykdysady, durmuş we medeni ösüşi üçin bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak maksady bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary babatda onuň  häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  we Premýer-ministr Najib Tun Razak netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň hem-de giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, oňyn syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we söwda-ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny aýtdylar. 

Biziň ýurtlarymyz energetika ulgamynda baý hyzmatdaşlyk tejribesini topladylar diýip aýtmak bilen, milli Lıderimiz Türkmenistanda “Petronas” kompaniýasynyň alyp barýan işine ýokary baha berilýändigini, kompaniýanyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlamaga uly goşant goşýandygny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, nebitgaz pudagy üçin hünärmenleriň taýýarlygyna gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan Malaýziýanyň kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berilýär.

Ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugrunyň hatarynda görkezildi. Ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin bu babatda oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň özboluşly baý medeni mirasa eýe bolan ýurtlardygy we bu ulgamda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň giň möçberli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym ulgamlarynda bilelikdäki maksatnamalaryň işenip taýýarlanylmagynyň, syýahatçylygy ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti bilim we ylym ulgamynda maksatnamalary, Malaýziýanyň syýahatçylyk ugrunda toplan uly tejribesini göz öňünde tutup, syýahatçylygy ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary işläp düzmek baradaky pikiri aýtdy, bu "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dünýä derejesinde ilerletmekde netijeli peýdalanylyp biliner. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini hasaba almak bilen, sport boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. 

Duşuşygyň barşynda sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň hem birnäçesine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri däp bolan dostlukly türkmen –malaýziýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. 
Okalan sany: 89   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04388 sek. ýüklenen baýt: 36252