Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ NÝU-ÝORKA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
Ýazylan wagty: 28 сентября 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ NÝU-ÝORKA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

ABŞ-da iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy, şeýle hem birnäçe daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň 24-nji sentýabrda geçirilen sammitinde dünýä Liderleriniň tassyklan we kabul eden 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş ulgamynyň täze Gün tertibi gepleşikleriň özenini düzdi.

Dünýä Liderleriniň sammite gatnaşyjylarynyň arasynda ilkinji bolup netijeli pikirleri öňe sürýän we täze döwrüň görnükli syýasatçysy hökmünde ykrar edilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  söz berildi. Döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüşiň meseleleri boýunça sammitde çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýşyny, eýeleýän ornuny mälim etdi we täze ählumumy Gün tertibinde öňde goýlan 169 wezipäni, şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi. Onuň esasy  ugry ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly durnukly ösüşiň  üç ugrunda halkara bileleşiginiň deňeçer we toplumlaýyn çözgüdini emele getirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz öz çykyşynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz  gymmat bolmadyk, ygtybarly we döwrebap energiýa üpjünçiliginiň ählumumy üpjün ediljekdigine, ykdysady ösüşe hem-de iş üpjünçiligine ýardam beriljekdigine, çeýe düzümiň dörediljekdigine, senagatlaşdyrylmagyna goldaw beriljekdigine we täzeçil usullaryň höweslendiriljekdigine ynam bildirdi hem-de munuň önümçiligiň we sarp edişiň durnukly usulyny döretmäge, ýurduň içinde we olaryň arasynda deňsizligiň azaldylmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Bu bolsa özara gatnaşyklaryň usullarynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyndaky mejlisleriniň birinde durnukly ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň täze ählumumy guralynyň döredilmegi hakyndaky meselä seredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň bu babatda degişli anyk teklipleri öňe sürmäge taýýardygyny nygtady.

Dünýäde garyplygy aradan aýyrmak, açlyga  garşy göreşmek meselelerini  pugtalandyrmagyň zerurdygyny barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki Azyk forumyny geçirmegi teklip etdi we  ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz döwletiň we dünýäniň halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň,  howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly wezipeleri çözmezden mümkin däldigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu ýörelgä ygrarly bolup, 2016-njy ýylda BMGÖM bilen bilelikde Aşgabatda şunuň ýaly Merkezi döretmäge girişjekdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgelerini  pugtalandyrmak, bilim, gender syýasaty hem-de parahatçylygyň, adalatyň beýik ýörelgeleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bähbidine beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada aýtdy.

Şu gün ir bilen milli Liderimiz BMG-niň ştab-kwartirasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde BMG ÖM-niň ýolbaşçysy hanym Helen Klark, şeýle hem Mongoliýanyň, Latwiýanyň, Horwatiýanyň, Wýetnamyň Prezidentleri bilen duşuşdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de BMG-niň baýdagynyň öňünde surata düşdüler.

BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bütindünýä forumynyň işine gatnaşandygy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Bitarap Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Sammitiň barşynda türkmen tarapynyň  beýan eden täze başlangyçlary hem-de oňyn teklipleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar bolsa 2016-2030-njy ýyllar üçin umumydünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etmäge gönükdirilendir. 

Jenap Pan Gi Mun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän açyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz bu derejä eýe bolmagynyň 20 ýyllygyny belleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň iýun aýynda  geçirilen nobatdaky 69-njy mejlisinde BMG-niň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy”   Rezolýusiýasynyň gaýtadan kabul edilmegi hem türkmen Bitaraplygynyň oňyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin BMG-niň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirip, Pan Gi Muny guramanyň 70 ýyllyk ýubileýi we onuň gazananlary, şol sanda BMG-niň “Müňýyllygyň ösüş maksatlary” 15 ýyllyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, şeýle hem ekologiýa, howanyň üýtgemegi we gender syýasaty bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde gazanýan üstünlikleri hem-de şu gezekki geçirilýän sammit bilen gutlady. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň  geçen ýyllaryň dowamynda BMG bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.  Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň BMG-de bitarap , parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde tutuş halkara bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýandygyna aýtdy. Milli Liderimiz  2015-nji ýylyň Türkmenistanda  Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilendigini belläp,  BMG-niň Baş sekretaryny bu şanly waka mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. 

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.  Hyzmatdaşlyk etmek babatda oňyn tejribe toplanyldy hem-de dürli ulgamlarda bilelikdäki birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi we olaryň amala aşyrylmagy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen iri edaralarynyň we düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini, şeýle hem taraplaryň däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar. 

Jenap Pan Gi Munuň belleýşi ýaly, BMG Türkmenistany häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň we oýlanyşykly çemeleşýän ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar. Türkmen döwleti halkara parahatçylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga we ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge degişli oňyn teklipler bilen çykyş edip, bu ugurda yzygiderli we anyk ädimleri ädýär. 

Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şu geçen ýyllaryň dowamynda bu merkez BMG-niň we sebitiň ýurtlarynyň arasynda möhüm ugurlaryň birnäçesi, şol sanda suw-energetika meseleleri, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de halkara terrorçylygyna garşy göreşmek boýunça özara gyzyklanma bildirilýän oňyn gatnaşyklar üçin  netijeli gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 

Hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňiň dowamynda BMG-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Aziýa ýurtlarynda ýaragsyzlanmak işine, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawy goramaga, ynsanperwer häsiýetli meseleleri, şol sanda göçüp-gonmak, bosgunlara hem-de raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. BMG-niň Baş sekreraty Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň parahatçylykly ösüşine hem-de durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine saldamly goşandyny aýratyn belledi. Bu bolsa tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisinde işjeň hem-de maksadalaýyk işleri alyp barjakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ägirt uly kuwwata eýe bolan bu hyzmatdaşlygyň her ýyl geljegi uly täze ugurlarynyň peýda bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  halkara gatnaşyklarynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugry barada durup geçip, BMG-niň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakyndaky Rezolýusiýalarynyň ikisiniň kabul edilmeginiň bu ugurda möhüm ädim bolandygyny belledi.  Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara bilermenler toparlarynyň işini kämilleşdirmek hem-de ählumymy gün tertibiniň möhüm ugry hökmünde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi meseleleri boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatdaky işi dowam etjekdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna degip geçip, Türkmenistanyň başyny başlan anyk energetika we ulag taslamalaryna -- Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH)  gaz geçirijisini gurmak, utgaşykly ulag-üstaşyr düzümini döretmek baradaky taslamalara ünsi çekdi. Şol taslamalar bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşmalydyr hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy höweslendirmelidir. 

Söhbetdeşligiň barşynda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Durnukly ösüş boýunça “Rio+20”  Bütindünýä maslahatynda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Bütindünýä maslahatynda we Bütindünýä suw forumynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de sebit derejesinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we bu ulgamdaky wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeleri kemala getirmek barada pikir alşyldy. 

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratiki özgertmelere hem-de ilkinji nobatda, bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere ýokary baha berip, bu ugurda mundan beýläk ädiljek ädimleriň Türkmenistany has ösýän we abadan döwletleriň hataryna çykarjakdygyna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň  BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýändigini belläp, türkmen tarapynyň tutuş adamzadyň mizemez ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgeleriniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň binýady hem hut şu ýörelgelere esaslanýar. 

Döwlet Baştutanymyz we Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hem-de strategiki häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.  

Günüň ikinji ýarymynda, BMG-niň ştab-kwartirasynda hormatly Prezidentimiziň Malaýziýanyň  Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy.

Milli Liderimiz Nýu-Ýorkda bolmagynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, J.F.Kennedi adyndaky Haklara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza tarap ugur aldy.

*** 

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejedäki birnäçe iri çärelere gatnaşdylar. 

Şeýle  çäreleriň bir 24-nji sentýabrda geçirildi. Ol BMG-niň we onuň guramalarynyň çäklerinde hereket edýän ösüp barýan ýurtlaryň iri halkara guramalarynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän “77 topar+ Hytaý” atly 39-njy duşuşygydyr. Onuň esasy işi söwda-ykdysady, maliýe we tehniki hyzmatdaşlyk, şol sanda senagat, oba hojalygy, bilim we ylym pudaklaryndaky gatnaşyklar bolup durýar. Türkmenistan dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri, şol sanda iri halkara guramalarynyň hem-de birleşmeleriniň çäklerinde geçirilýän çäreler boýunça özara gatnaşyklaryň täze çemeleşmelerini görnüşini tapmaga we ony durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda,  hökümetimiz  söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni- ynsanperwer ulgamlarda bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, 
“77 topar+Hytaý” bilen aragatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. 

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň BMG-niň Baş sekretarynyň aragatnaşyk we jemgyýetçilik maglumatlary boýunça orunbasary hanym Kristina Gallah, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň düzüminiň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri baradaky Ýerine Ýetiriji direktory (“BMG-Zenanlar”) hanym Fumlize Mlambo-Ngkuka bilen duşuşyklary boldy. 

25-nji sentýabrda “BMG-Zenanlar” düzümi “Deňsizlige garşy göreş, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak” mowzugynda ýokary derejedäki interaktiw gepleşik geçirildi.  Onda Türkmenistan  barada aýdyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyza halkara syýasy, ykdysady hem-de hukuk giňişligine işjeň goşulyşmaga mümkinçilik berýän we BMG-niň Türkmenistana beren hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine esaslanýan syýasatyň ähmiýeti nygtady. Aýdylyşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllygy giňden belleniler. 

26-njy sentýabrda, Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejedäki birnäçe iri çäreler geçirildi. Olara türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Bu ýerde  “Durnukly ösüş üçin durmuş sazlaşygy: hoşniýetlilik döwründe birek-birege düşünişmegi we hormat goýmagy öňe ilerledip”  hem-de “Durnukly ykdysady ösüşe,  durnukly sarp edişi we önümçiligi özgertmäge hem-de ony höweslendirmäge ýardam bermek” ýaly interaktiw gepleşikler, “2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüň Gün tertibinde azyk howpsuzlygy” we “Durnukly ösüşiň Maksatlaryna ýetmek üçin tehnologiýalary ilerletmegiň usullaryny herekete girizmek” ýaly maslahatlar boldy.

Çärelerde gozgalan meseleleriň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde durnukly ösüş boýunça eden taryhy çykyşynda, şeýle hem milli Liderimiziň abraýly halkara forumlarynyň we BMG-niň belent münberinden öňe süren möhüm başlangyçlarynda beýan etdi. Möhüm meseleleriň ählumumy wezipelerinde görkezilen çözgüdi Türkmenistanyň içerki durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalarynda, ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynda kesgitlenendir we ol birnäçe sebit derejede hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän taslamalaryň esasyny düzýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň ýagdaýyna has çuňňur aralaşmagy üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Çünki biz üçin daşary ýurtlaryň oňyn tejribeleri gyzykly bolman, eýsem, biz durnukly ösüşiň täze Maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara bolan goşandymyzy, garaýşymyzy  paýlaşyp bileris. Munuň özi dünýäniň howpsuz, abadan we parahat geljegini üpjün eder. 

27-nji sentýabrda türkmen tarapynyň wekilleriniň “Durnukly ösüşiň suw bilen baglanyşykly Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini we oňa ýetilmegini höweslendirmek” mowzugy boýunça ýokary derejede guraljak çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Onda garaljak meseleleriň hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary bilen gabat gelýär.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz “suw diplomatiýasy” ýörelgesini öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Suw Strategiýasy ählumumy resminamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. 

Türkmenistan 2015-2016-njy ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin durnukly ösüş baradaky Döwletara toparyna başlyklyk etmek arkaly sebitde suw meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine çykarylmagyna işjeň goldaw berýär.

“Dünýä Liderleri, Gender deňligi we zenanlaryň hukuklarynyň, mümkinçilikleriniň giňeldilmegi boýunça maslahat: hereketlere ygrarlylyk” mowzugy boýunça wekilçilikli çäre bilen baglanyşykly duşuşyk meýilleşdirildi. Bu duşuşyk BMG-ä agza döwletlere Pekin jarnamasynyň we Gender deňeçerligini gazanmak baradaky hereketiň binýadynyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegine hem-de 2030-njy ýyla çenli onuň anyk netijelerini hödürlämäge özboluşly çagyryş boldy. Gender deňeçerliginiiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy düzümi hökmünde kesgitlendi. Bu wezipäniň ýerine ýetirilmegi biziň umumy borjumyz we jogapkärçiligimiz bolup durýar diýip, döwlet  Baştutanymyz belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekilleri “Aziýanyň ýüregi—Stambul prosesi” mowzugy boýunça ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşarlar. Bu çäre parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde Owganystana kömek bermegi nazarlaýan Stambul prosesiniň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin täze gün tertibiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanar. Merkezi Aziýada Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmeginde Türkmenistanyň orny pugtalanýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselelerinde parahatçylykly, syýasy, diplomatik usullara möhüm ornuň degişlidigini we şunda BMG-niň möhüm ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli belleýär.

Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly Milletler Bileleşiginiň garamagyna Owganystany ykdysady taýdan dikeltmek boýunça teklipleri birnäçe gezek hödürledi. Olaryň hatarynda 2016-njy ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyny geçirmek baradaky teklip bar. Stambul prosesiniň çäklerindäki çäreleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan Türkmenistan öz ýerinde  2017-nji ýylda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady maslahaty geçirmegi teklip edýär. 

Okalan sany: 213   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03657 sek. ýüklenen baýt: 56094