Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TARYHY ÄHMIÝETLI FORUM.
Ýazylan wagty: 29 сентября 2015 Ýazan Mayichka

TARYHY ÄHMIÝETLI FORUM.


 


Ady barha äleme dolýan, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ak şäherimiz Aşgabadyň taryha senenamasy ýene-de bir ajaýyp waka bilen baýlaşdy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň umumy mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki sport merkezine öwrilýändiginiň aýdyň görkezijisi boldy.


34-nji Baş Assambleýasynyň işine Aziýan we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetlerinden başgada sportuň 5-nji Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giren görnüşleri — welosport, suwda ýüzmek, guşakly göreş, sport göreşi, erkin we grek-rim göreşleri, ýeňil atletika, kikboksing, konkur, basketbol, tennis, küşt we beýleki görnişleri boýunça halkara federasiýalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.


Biziň ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy bolup durýar. Halkara Olimpiýa Komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu guramalaryň Olimpiýa hereketini we sporty ösdirmek boýunça öňde duran wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işlerine hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Şoňa göräde 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Kuweýt döwletinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky şertnama gol çekilipdi.


Mejlisiň dowamynda Aziýanyň olimpiýa Geňeşiniň baştutany Şeýh Ahmet Al-Fahat Al-Sabah türkmen döwletiniň Baştutanyna sebitde sport hereketini we bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Milli Olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň ýörite sylagyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana goýulýan hormatyň, halkara sport hereketine ýurdumyzyň goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň, umumy maksatlara ýetmekde hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.


Türkmen döwleti öňde boljak sport ýaryşlarynyň geçirilmegini öňi bilen ýurdumyza bildirilen hormat, onuň açyklyk esaslaryna daýanýan halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň ykrar edilmegi, şeýle hem sport ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge bolan dünýä bileleşiginiň ägirt uly gyzyklanmasy hökmünde kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk we ony üstünlikli geçirmek Türkmenistan üçin möhüm wezipe bolup durýar. Şunda sport desgalarynyň gurluşygyna we paýtagtymyzda degişli düzümiň döredilmegi boýunça meseleleriň çözülmegine aýratyn ähmiýet berildi.


Aziýa oýunlary sebitde iri ýaryşlar toplumydyr. Bu oýunlar Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Halkara milli Olimpiýa komiteti bilen bilelikde her dört ýyldan bir gezek, Olimpiýada oýunlaryndan iki ýyl öň geçirilýän iri halkara ýaryşy hasaplanýar Aziýa oýunlarynyň birnäçe görnüşleri bar. Uzak Gündogaryň çempionlyk oýunlary Aziýa oýunlarynyň gözbaşynda durýar. Tomusky we gyşky Aziýa oýunlary iň irisi hasaplanýar. Şeýle hem ýöriteleşen Aziýa oýunlary hem geçirilýär. Ýagny, bellibir çäklerde geçirilýän oýunlar, hususanda Merkezi Aziýa oýunlary, Gündogar Aziýa oýunlary, Günorta Aziýa oýunlary, Günorta – Gündogar Aziýa oýunlary, Günbatar Aziýa oýunlary, sportuň ýapyk binalarda geçirilmegi üçin niýetlenen görnüşleri boýunça Aziýa oýunlary, Söweş sungatlary boýunça Aziýa oýunlary, Kenarýaka Aziýa oýunlary, ýaş ýetginjekleriň Aziýa oýunlary geçirilýär.


Aziýa oýunlarynyň döremegine 1913 – 1934-nji ýyllar aralygynda bary-ýogy 10 gezek geçirilen kiçi möçberli ýaryşlar, ýagny şol wagtky döwürde sebitde uly abraýa eýe bolan Uzak Gündogaryň çempionlyk oýunlary ýada çempionaty sebäp bolupdyr. Ol “Far Eastern Çhampionship Games” – “Uzak Gündogaryň çempionlyk oýunlary” diýip atlandyrylypdyr. Bu oýunlar ýaryşlary guramaga we geçirmäge dahylly sebitiň döwletleriniň arasynda özara birligi we hoşniýetli hyzmatdaşlygy gazanmak üçin döredilipdir. Çünki şol wagtky döwre çenli Aziýa döwletleriniň arasynda Olimpiýada oýunlary ýaly aýratyn oýunlar geçirilmändi. Diňe şol çempionlyk oýunlarynda Aziýada birnäçe döwletler sebitde iri möçberli ähliumumy ýaryşlary guramaga işjeň gatnaşypdyr. Bu oýunlaryň döremegine şol wagtky döwürlerde Filippinlerde däp bolan Karnawal ýaryşlary sebäp bolupdyr. 1912–nji ýylda Filippinler Atletikler Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy E. S. Brawn Hytaý we Ýaponiýanyň gatnaşmagynda “Uzak Gündogaryň Olimpiýa oýunlaryny” geçirmek teklibini öňe sürýär. Bu teklibi 1911–1913–nji ýyllarda Filippinler döwletiniň höwesjeň Atlentikleriň assosiasiýasynyň prezidenti Wilýam Kameron Forbs goldaýar. Wilýam şol wagt Filippinleriň general – gubernatory bolupdyr. Ol “Uzak Gündogaryň Olimpiýa assosiasiýasyny” esaslandyrypdyr. Bu guramanyň döredilmegi bilen 1913–nji ýylda Filippinleriň başlangyjy boýunça Hytaý we Ýaponiýanyň esasy wekilçilik etmeginde täze bir Olimpiada - “Uzak  Gündagaryň Olimpiýa oýunlaryna”  badalga berlipdir. Oýunlaryň “Olimpiýa” diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi hem, entek “Çempionlyk” adyna eýe bolmanka guramaçylar bu oýunlary edil sebitden özboluşly Olimpiýa oýunlary ýaly kabul edipdirler.


  1913–nji ýylyň fewral aýynda Filippin döwletiniň Manila şäherinde Aziýa sebitiniň we umumy dünýä spotunyň taryhyna möhürlenen özboluşly halkara ýaryşlaryna – Olimpiýada badalga berlipdir. Sportuň 8 görnüşi – beýsbol, futbol, welosport, ýeňil atletika, woleýbol, suwda ýüzmek, ýekebara we jübüt görnüşde tennis boýunça diňe ýigitlerden düzülen ýygyndylar boýunça ýaryşlar geçirilipdir. Bu ýaryşlara Hytaý, Malaýziýa, Gangkong, Ýaponiýa, Filippinler, Tailand ýaly döwletlerden wekiller gatnaşdy. Bu ýaryşyň jemleri boýunça beýsbolda Ýaponiýa, sportuň beýleki köp sanly görnüşlerinde filippinler ýeňiş gazandy. Esasan–da olar futbolda has erjellik görkezdiler. Ýagny finalda 6 döwletiň içinden Filippinleriň we Hytaýyň ýygyndylary duşuşyp, 2:1 hasabynda oýun Filippinleriň ýeňşi bilen tamamlandy. 1915–nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Şanhaý şäherinde oýunlaryň ikinjisi geçirilipdir. Bu oýunlarda hem 8 görnüşi boýunça ýaryşlar guralypdyr. Emma oňa gatnaşýan döwletleriň sany 6 bolman, bary-ýogy 3 döwlet – Hytaý, Ýaponiýa we Filippinler bolupdyr. Ýaryşyň jemleri boýunça beýsbol, basketbol, welosport we ýeňil atletika ýaryşlarynda Filippinler, woleýbol we suwda ýüzmekde hytaýly türgenler ýeňiş gazanypdyr. Tennis ýaryşlarynyň jemlerinde bolsa XX asyryň başlarynda Ýaponiýanyň tennis ussady bolan Itiýa Kumagae ýeňiji bolupdyr. Ýeri gelende bellesek, bu ussat tennisçi 1920–nji ýylda Belgiýanyň Antwerpen şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýigitleriň arasynda tennis boýunça ýaryşa gatnaşyp, kümüş medala mynasyp bolýar. Ýekelikdäki tennisde ýeňiş gazanan Itiýa Kumagae jübüt ýaryşa hem gatnaşýar. Bu gezek hem ol ýeňiş gazanýar. Bu ýeňişde watandaşy, tennis ussady Seýitiro Kasio şärikdeşlik edýär. Ýeri gelende bellesek, Seýitiro Kasio hem 1920–nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda jübüt tennisde kümüş medala eýe bolupdy. Futbol ýaryşlaryna ünsi çeksek, ol hasda çekeleşikli bolýar. Birinji oýunlarda Filippinler final duşuşygynda hytaýly futbolçylary ýeňlişe sezewar eden bolsa, bu gezekki oýunlara netijeli taýýarlyk bilen gelen hytaýly futbol ussatlary finalda ýeňiş gazanmagy başarýarlar.


  Aziýa oýunlary, 1938–nji ýyly hasaba alsaň, uzak Gündogaryň çempionlyk oýunlarynyň tamamlanan ýylyndan 10 ýyl soň ýola goýulmaga girişildi. Şeýle oýunlaryň Aziýa oýunlarynyň gözbaşynda durmagynyň sebäplerine dolanyp gelsek, sebitde şeýle halkara derejeli ähliumumy ýaryşlar ilkinji gezek geçirilipdir. Bu bolsa oňa gatnaşýan 6 döwletiň – Hytaýyň, Malaýziýanyň, Gangkongyň, Ýaponiýanyň, Flippinleriň, Tailandyň arasynda dost–doganlyk gatnaşygyny ösdürmäge, berkitmäge ýardam beripdir. Sport arkaly döwletleriň jebisleşmegi taryha ýene-de bir gezek onuň möhüm ornuny ýokary derejä göterip, parahatçylygyň we özara durnuklylygy saklamakda ähmiýetiniň uludygyny subut edipdi. Uzak Gündogaryň çempionlyk oýunlarynyň tejribesi geljekde Aziýa oýunlary üçin bu ugurda möhüm taýýarlygyň bardygyny äşgär görkezýärdi. Uzak Gündogar oýunlary geçirmegini bes edenden 10 ýyl geçenden soň diňe Hindistan bu ugurda öňe çykyp, Aziýa sebitinde dost–doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge oňyn ýardam etjek sebitde iri möçberli oýunlary geçirmek teklibini orta atypdy. Teklip oňlanyldy we bu ugurda sport federasiýasyny döretmäge girişildi. Şunlukda, Aziýa oýunlary toplumynyň düýbi tutuldy.


     Aziada — 2017 taýýarlyk işlerine daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri, iri halkara ýaryşlaryna birnäçe gezek gatnaşan bilermenler çekildi. Aziada — 2017-ni giňden wagyz etmekde onuň internet saýty möhüm orny eýeleýär. Onuň doly görnüşi 2016-njy ýylyň dekabrynda işe giriziler. Bu saýtyň kömegi bilen internet ulanyjylar göni ýaýlymda ähli ýaryşlara tomaşa edip bilerler.


Okalan sany: 146   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12262 sek. ýüklenen baýt: 42481