Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Çöldäki guýular
Ýazylan wagty: 15 апреля 2013 Ýazan Krassavchik
Garagumyň öri meýdanlarda täze guýular gurulýar. Olaryň biri aprel aýynyň başynda Bagajada ulanmaga berildi. Sakar etrabynyň „Jeýhun“ maldarçylyk hojalygynyň buýurmasy esasynda ýene-de üç sany guýuda çuňlaşdyrma we arassalaýyş , içki we daşky gurluşyk işleri geçirildi. 

Emeli çeşmäniň ýanynda dwižok bilen işledilip, ýörite gurluş bilen doldurylýan 16 kub metr suwy saklamaklyk üçin betondan ýer hem guruldy. Goýunlarysuwa ýakmaly bolanda kilt açylyp, suwy 12 metrlik beton ternawa gönükdirdirilýär. Bu bolsa Garagumda altyn damja deňelýän suwuň bir damjasynyň hem zaýalanmasyzlygy üçin amatlydyr. 

Guýy gurujy hünäri diňe bir seýrek bolman, eýsem juda agyrdygyny bellemelidir. mň Sebäbi bu işi etjek tehnika ýok. Ähli işleri el bilen ýerine ýetirmeli bolýar. Dört adamdan bolan topar gezekleşip, onlarça metr çuňluga berk torba bilen guýa girýärler. 

Şu ýyl 20 sany guýy abatlanar. Bir guýy 4 müň gektar öri meýdanlaryna suw eltmäge ýardam berer.
Okalan sany: 476   Jogaplar: ( 5 )

marala
15 апреля 2013

maldarçylyk üçin edilýän işler gaty köp, esasy wajyp zatlaryň biri hem suw bilen baglanylşyklydyr, sag bol awtor

Betman
15 апреля 2013

guýularyň durky täzelenmek çopanlaryň mal-garalaryna idetmekde höwesiniartyrmak üçin peýda bermegi mümkin,good

HEZRET
15 апреля 2013

guýy diýseňiz "käriz" diýen kino ýadyma düşýär, gyzykly türkmen kino, guýulary awatlamak uly sowap iş, sag bol

KOROL
15 апреля 2013

haladym dost sagbol!!!

Mayichka
16 апреля 2013


Suwsuz ýerde guýy gursaňyz oňa ýetesi zat ýok. Suw bar ýerde ýaşaýyş hem bar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08040 sek. ýüklenen baýt: 33323