Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÄHLIHALK ÝOWARY GEÇIRILDI.
Ýazylan wagty: 04 октября 2015 Ýazan Mayichka

                        ÄHLIHALK ÝOWARY GEÇIRILDI.


  Ýurdumuzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde giň möçberli bag ekmek möwsüminiň güýzki tapgyryna badalga berildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherinde ýedi ýüz gektar meýdanda täze seýilgäh üçin ýer bölünip berildi. Bu ýerde Hormatly Prezidentimiziň hut özi ilkinji bag nahalyny oturdyp bag ekmek möwsümine badalga berdi. Ýowara gatnaşyjylar Milli Liderimiziň göreldesine eýerip köp sanly bag nahallaryny oturtdylar. Oňa ýaşulydyr ýaş kiçi wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlarymyz şeýle-de talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutylýan möhüm ugur bolmagynda galýar. Ozaldan bar bolan agaç nahallaryna hem ideg edildi. Ýurdumuzy bagy bossanlyga öwürmek boýunça “Gök guşak” atly uly möçberli maksatnama durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň gözelliklerini aýawly saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli esasda bolşy ýaly, ählumumy möçberde Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň gür baglyga bürenmegini nazarlaýan köpçülikleýin çäredir. Bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere adamlaryň saglygyny berkitmekde, ilatyň doly derejeli durmuşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmeginde möhüm ýagdaý hökmünde aýratyn ähmiýet berýär.


Okalan sany: 243   Jogaplar: ( 1 )

marala
05 октября 2015

goodbizem cykdyk soool yowara


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,22685 sek. ýüklenen baýt: 31209