Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Aşgabat” bürünç medala hyýal edýär
Ýazylan wagty: 05 октября 2015 Ýazan Krassavchik

28-nji tapgyr bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda jemleýji dördünji aýlaw başlandy. Tapgyry “Aşgabat” bilen “Merwiň” duşuşygy açdy. Bu ýyl garşydaşlaryň öňünde durýan wezipeler deň däl. Ýaryş tertibinde “Merw” ýedinji orunda barsa, “Aşgabat” çempionatyň bürünç medaly ugrunda göreşýär.

Iki toparyň hem birek-biregiň derwezesiniň alkymynda döreden amatly pursatlary az bolmady. 20-nji minutda “Merwiň” derwezeçisi jerime meýdançasynda Berdi Şamyradowy ýykdy. 11 metrlik urgyny ejir çekeniň özi dürs ýerine ýetirdi we çempionatdaky 17-nji goly öz adyna ýazdyrdy.

Mundan başga-da, B.Şamyradow beýleki iki goluň geçirilmegine hem gatnaşdy. 70-nji minutda ol çep gyradan pökgini Boris Iwanowa niýetläp depdi, ýöne myhmanlaryň goragçysy Rasim Gereýhanow ony aýyrjak bolup, atdanlykda öz derwezesine geçirdi. Aradan iki minut geçensoň, B.Şamyradow çep gyradan pökgini ýokardan jerime meýdançasyna geçirdi, Rahymberdi Baltaýew bolsa ony derwezä gönükdirdi.

Netijede 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Aşgabat” ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. Ondan bir utuk yza galýan “Ahal” 3-nji oktýabrda Maryda “Energetige” garşy oýnar. Şeýle hem şol gün “Şagadam” “Daşoguzy”, “Balkan” bolsa HTTU-ny kabul eder.         

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

 

"Aşgabat" – "Merw" – 3:0 (1:0)

2-nji oktýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 400 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Berdi Şamyradow 20 (11 metrlik urgudan), Rasim Gereýhanow 70 (awtogol), Rahymberdi Baltaýew 72.

Duýduryş alanlar: Atageldi Geldiýew 64 – Merdan Saparow 19, Döwlet Mirsoltanow 54.

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Çaryýar Ataýew.

 

3-nji oktýabra çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

 

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 23 (2 – 11 metrlik urgudan ).

Süleýman Muhadow ("Altyn Asyr") – 21.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 20.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") –17. (1)

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 15 (6).

Okalan sany: 104   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16110 sek. ýüklenen baýt: 34791