Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýurdumyzyň ösüşiniň ýyllyk meýilnamalary boýunça maslahatlar geçirildi
Ýazylan wagty: 07 октября 2015 Ýazan NEXTTM

Ýurdumyzyň ösüşiniň ýyllyk meýilnamalary boýunça maslahatlar geçirildi

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda,  ýurdumyzyň ministrliklerinde we edaralarynda maslahatlar geçirildi. Olar milli Liderimiziň 2-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek meselelerine bagyşlandy.

Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň dürli ugurlary boýunça hormatly Prezidentimiziň görkezmelerini durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň esasy ugurlary boýunça 2016-njy ýaly üçin meýilnamalary kesgitlemek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Maslahatlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Durnukly ösüş boýunça duşuşygynda eden üstünlikli çykyşyna aýratyn üns berildi. Şonda ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze global gün tertibiniň maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli teklipleri beýan edildi.

Maslahatlarda çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklary göz öňünde tutýan iş maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar.

Öňde boljak şanly seneleri—Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny hem-de Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny baýram etmek meseleleri maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşan möhüm meselesine öwrüldi. Bu seneleri türkmenistanlylar uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda metbugatda we teleradio ýaýlymlarynda eziz Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri giňden beýan etmegiň iş meýilnamasy bilen tanyşdyryldy.

Okalan sany: 161   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05722 sek. ýüklenen baýt: 31643