Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT BILEN MEŞGULLANMAK.
Ýazylan wagty: 08 октября 2015 Ýazan Mayichka

SPORT BILEN MEŞGULLANMAGYŇ  10  SEBÄBI.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen baglydyr.  Oňa “Sagdyn bedende—sagdyn ruh” diýen jümleler hem şaýatlyk edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi esasy üç sany wajyp düzgüni özünde jemleýär. Olar ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, dogry iýmitlenmek we sport bilen yzygiderli meşgullanmakdyr. Raýatlarymyzyň sagdynlygy, türgenleriň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary almagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bizem žurnalymyzyň şu sanynda  sport bilen meşgullanmaga başlamagyň 10 sebäbini size ýetirmegi  makul  bildik.


1. Saglyk. Sport bilen yzygiderli  meşgullanmak – sagdyn we bagtly durmuşyň girewidir. Saglyk adamyň iň uly baýlygydyr. Bagtly we üstünlikli durmuşa diňe saglyk bilen ýetip bolýar.


2. Özüňe bolan ynam. Sport bilen meşgullanyp başlaýan adamyň özüne bolan ynamy artýar. Bu  bolsa  saglyga zyýanly endiklerden gaça durmaga  ýardam berýär.


3. Özüne çekijilik. Sport bilen meşgullanýan bedeni berk adamyň özüne çekijiligi güýçli bolýar.  


4. Sagdyn ruh. Sport bilen meşgullanýan  adamda  özüne bolan  buýsanç duýgulary döreýär, şähdi açylýar.


5. Gözellik. Sport bilen meşgullanýan adamyň bedeninde artykmaç ýaglar bolmaýar. Munuň özi  adamyň gözelligine oňyn täsir edýär.


6. Içki güýç (energiýa). Sport bilen yzygiderli meşgulanýan adamlaryň içki güýji köpelýär. Onuň kömegi bilen durmuşda üstünlige ýetip bilýär. Sport bilen  meşgullanmak  çydamlylygy  artdyrýar.


7. Aň derejesi güýçlenýär. Adamlaryň geçiren  barlaglaryna görä, sport bilen   yzygiderli  meşgullanýan adamyň aň  derejesi we ýatkeşligi birnäçe esse güýçlenýär.


8. Erjellik. Sport bilen meşgullanmak bilen durmuşda täze  belentliklere çykmak mümkin. Öz  arzuwyňa ýetmek üçin erjel bolmak gerek. Sport  hem erjel bolmaga ýardam  berýär.


9. Sylag-hormat. Başga adamlaryň seni sylamagy üçin, ilki bilen, özüni sylamaly. Öz saglygyňa seretmeli, sport bilen  meşgullanmaly.


10. Bagtyýarlyk.  Sport bilen  meşgullanýan  adamlaryň bedenine  bagtyýarlyk we şatlyk  garmonlary  peýda bolýar. Bu  duýgular adama  durmuşdaky islendik  arzuwyna  ýetmäge  ýardam  berýär. Işde, durmuşda üstünlige ýetmäge uly goşant goşýar.


Okalan sany: 386   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
08 октября 2015

Biziñ saglygymyz iñ uly baýlygymyzdyr. Saglyk bolsa bizi diñe uly üstünliklere ýetirip biler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14234 sek. ýüklenen baýt: 38402