Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HARBY-DEŇIZ INSTITUTYNYŇ TÄZE BINALARYNYŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY
Ýazylan wagty: 10 октября 2015 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HARBY-DEŇIZ INSTITUTYNYŇ TÄZE BINALARYNYŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY

 Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bu waka bagyşlanyldy.

Ýakynda Balkan welaýatyna gelen döwlet Baştutanymyz iş gününiň başyny irki welosipedli sport gezelenjinden başlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygyňy we beden taýýarlygyňy saklaman, eýsem-de, öz erkliligiňi berkidýär, işe ukyplylygyňy artdyrýar. Şu babatda, döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyza sagdyn durmuş ýörelgesine, sporta eýermekde-de, Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine ýadawsyz zähmet çekmekde-de nusgalyk görelde görkezýär. 

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiniň barşynda, şeýle hem  “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz kenarýaka dynç alyş zolagynyň bagy-bossanlyga bürelşine hem-de adamlaryň doly bahaly dynç almagy we saglyklaryny berkitmegi üçin hemme zerur şertleri üpjün edýän onuň durmuş düzüminiň ösdürilişine aýratyn üns berdi. 

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumy dabaraly açyldy. 
 
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wakanyň boljak ýerine gelýär, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, eli baýdakly harby talyplar garşylaýarlar. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeliginiň serkerdesi B.Gündogdyýew hasabat berýär. 

Soňra harby aýdym-saz topary çykyş etdi. Milli Liderimiz harby gullukçylaryň döredijilik ukybyna baha berip, toparyň çeper ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolmak bilen, şahsyýetiň ösmegi üçin sungatyň neneňsi wajypdygyny nygtady hem-de saz, edebiýat, şygryýet bilen meşgullanmaga özüniň wagt tapmaga çalyşýandygyny aýtdy.  Hormatly Prezidentimiz özüniň täze şygryndan käbir setirleri okap berdi. Milli Liderimiziň sözlerini dessine toparyň agzalary alyp göterdiler. Toparyň ýolbaşçysy bu şygryň  watançylyk aýdymy hem-de harby döredijilik toparlaryň çykyşlary üçin örän laýyk gelýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we Harby — deňiz institutynyň baş binasyna girýär. Onuň eýwanynda harby talyplar milli Liderimizi ruhubelent goşgular bilen garşylaýarlar hem-de Watan goragçylarynyň ýaş nesilleri hakdaky aladasy üçin hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzy wasp edýärler. 

Şu ýerde döwlet Baştutanymyz dürli ýyllaryň harby gämileriniň maketleriniň sergisi bilen tanyşdy. 

Binany gözden geçireninden hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşanyndan soň, milli Liderimize Harby-deňiz institutynyň howlusynda goýlan harby tehnikalaryň dürli görnüşleri görkezildi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli goşunymyzy, şol sanda Harby-deňiz güýçlerini iň döwrebap söweşjeň tehnikalar we enjamlar bilen mundan beýläk-de üpjün etjekdigini hem-de harby işgärleri okatmagyň derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretjekdigini aýtdy. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti,  ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow institutyň maslahatlar zalynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.   

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary şu gün bellenilýän ýurdumyzyň Harby-Deňiz güýçleriniň güni bilen, şeýle hem Harby-Deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, harby gullukda uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Berkarar Watanymyzda bellenilýän bu baýram siziň üçin ýatdan çykmajak buýsançly wakadyr. Bu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-Deňiz institutynyň täze binalar toplumy açylyp ulanmaga berilýär. Döredilenine köp wagt geçmese-de, bu ýokary okuw mekdebi Garaşsyz Watanymyzyň Harby-Deňiz güýçleri üçin zerur bolan milli harby hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu okuw mekdebiniň geljekde hem Harby-Deňiz güýçleri üçin deňizçi harby hünärmenleri taýýarlaýan merkez boljakdygyna ynam bildirdi.  

Bu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde ilkinji gezek dabaraly harby-deňiz ýörişi geçiriler diýip, milli Liderimiz  sözüni dowam etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň deňiz kenarýakasynyň ygtybarly ellerdedigini, ýurdumyzyň Harby-Deňiz güýçleriniň goranmak ukybynyň, söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny, onuň şahsy düzüminiň söweşjeň ruhuny has-da belentdigini şu günki geçiriljek dabaraly  harby deňiz ýörişi ýene-de bir gezek aýdyň görkezer. 

Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan  syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şonuň üçin hem biz Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby deňiz güýçleriniň serkerdeligini döretdik. Bu serkerdelik Hazar deňzindäki serhedimizde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün eder. 

Siz deňizçilik harby ylymlaryndan we sungatyndan oňat baş çykarýan, mukaddes harby borja wepaly harby gullukçylardygyňyzy subut etmelisiňiz, eziz Watanymyzyň  deňiz serhetlerini ygtybarly goramalysyňyz diýip, milli Liderimiz harby deňizçilere ýüzlenip aýtdy.   Deňiz çäklerinde Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy bolmalysyňyz. Bu mukaddes borçdur. Siziň halkymyzyň öňündäki mukaddes borjuňyzdyr. Siziň bu mukaddes borjy birkemsiz berjaý etjekdigiňize men berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

Soňra milli Liderimiz häzirki döwürde Berkarar Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyza taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar diýip belledi.   Türkmenistanyň Harby-Deňiz güýçleriniň gününiň Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda bellenilmegi harby gullukçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Döwlet Baştutanymyz   Türkmenistanyň Harby-Deňiz güýçleriniň döredilen güni, şeýle hem Harby-Deňiz institutynyň  täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, harby gullukçylara ýene-de bir gezek  berk jan saglygy, asuda we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzy goramak ýaly mukaddes borjy hemişe uly abraý bilen ýerine ýetirmegi we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. 

Soňra hormatly Prezidentimiz baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň ýetip gelýändigini aýdyp, bu şanly baýram mynasybetli berkarar Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygyny, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge goşant goşan harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de olara harby ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada teklip bermegi hukuk goraýjy we harby edaralaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.   

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda ýene-de bir meselä — B.Gündogdyýewiň serkerdelige bellenen Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeliginiň dolandyryş düzümi baradaky meselä garady. 

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryna hünär derejelerini we harby atlary dakmak dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary okalýar. Şolara laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministri, general-leýtenant Ý.Berdiýewe general-polkownik harby ady dakyldy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, üçünji hünär derejeli B.Çaryýewe ikinji hünär derejesi we Adalat ministri, ikinji derejeli ýurist B.Muhamedowa ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi hünär derejesi berildi. 

Atlara we derejelere mynasyp bolan ýolbaşçylar Watana wepalylygyň mukaddes Kasamyny  aýtdylar. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Goranmak ministri Ý.Berdiýewe özüniň “Watan goragy mukaddesdir” atly täze kitabyny sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, halkymyzyň asuda , abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. 

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň giňeldilen mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Harby-Deňiz güýçleriniň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmejek güýç-kuwwat hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw edip, bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtadylar. Muňa täze taryhy eýýamyň deňsiz-taýsyz beýik işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alan hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.

Şunda milli Liderimiziň başyny başlan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan hem-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň sebit we dünýä möçberinde berkarar bolmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugrunyň ähmiýeti hem nygtaldy. Bu uzakdan görüji ösüşlere beslenen strategiýa, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary ýurdumyza belent halkara abraýyny getirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek maksadynda umumy tagallalary birleşdirmäge, döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdirilen anyk çäreleri görjekdigini aýtdy.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-Deňiz institutynyň binasyndan çykyp, onuň toparynyň ygtyýaryna ýörite tehnikany goşmak bilen, awtoulag serişdelerini berip, olaryň açarlaryny gowşurdy.    

Bu ýerden döwlet Baştutanymyz deňiz portuna tarap ugrady. 

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy portuň ýakasyna gelýär. Dabaranyň geçýän ýerinde ruhy ýokary göteriliş ýaýbaňlanýar. Oňa gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar.  

Dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz düwmäni basyp, Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň ýörite maksatly täze harby gämisini suwa goýberýän enjamy herekete girizdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary şanly waka bilen gutlaýar hem-de ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli ilkinji gezek guralan harby gämileriniň  ýörişiniň geçirilýän ýerine ugraýar. 

Bu ýerde kenarda Harby-Deňiz güýçleriniň harby gullukçylary nyzamly hatara düzüldiler. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow olary hünär baýramçylygy bilen gutlady, jogap hökmünde üç gezek “Ura!” diýen ses ýaňlandy.

Okalan sany: 185   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05303 sek. ýüklenen baýt: 46740