Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport hakda söhbet açsaň...
Ýazylan wagty: 11 октября 2015 Ýazan Mayichka

Sport hakda söhbet açsaň...


Sport bilen meşgul bolup,


Bedenime kuwwat tapýan.


Her gün ondan lezzet alyp,


Saglygyma serpaý ýapýan.


 


Sport  zallar  gujak  açýar,


“Geliň, türgen boluň” diýip.


Ak  binalar nurun saçýar,


Kalbymyza lezzet guýup.


 


Anha, futbol meýdançasy


Erk etmeli pökgä bu gün.


Egsilmezdir   il   höwesi,


Joşa gelýär juwan göwün.


 


Pälwan ýigit  garşy alýar,


Görkez golda güýjüň baryn.


Sport  bilen  arşa galýar,


Bagtyň nury-gül Diýarym.


 


Sport halka ganat berýär,


Uçup bolýar al – asmana.


Mähir bilen gujak gerýär,


Saglyk paýlap her ynsana.


 


Bu  gün ady dünýä belli,


Türgenlermiz çempiondyr.


Şan –şöhraty älem doldy,


Olaň sany diýseň kändir.


 


Garaşsyzlyk  ýyllarynda,


Ösdi türkmen sportumyz.


Berkararlyk  ýollarynda,


Göterildi  ak  bagtymyz.


 


Köňüllerde şatlyk joşýar,


Ruh   goşuldy   ruhumyza.


Buýsanjymyz dolup-daşýar,


Bakyp   ýaşyl   tugumyza.


 


Bedew münüp ýel deý uçýar,


Çapyksuwar ýigit - gyzlar.


Menzil yza menzil geçýär,


Yzda galýar sähra-düzler.


 


Nesip  bolsa  Aşgabatda,


Aziada   oýny   geçer. 


Müdimilik galar ýatda,


Taryh sahypasyn açar.


 


Dünýä ýüzi bakýar bäri,


Aşgabada – paýtagtyma.


Durky bilen gurşap seri,


Ýürek joşýar il bagtyna.


 


Stadionlar gurulyp dur,


Bir-birinden has owadan.


Çar tarapa saçyp ak nur,


Aşgabat ösýär ýaňadan.


 


Il saglygy - ýurt baýlygy,


Kalba guýlan şygarymyz.


Budur bar işleň gowlugy,


Joşar köňülde tarymyz.


 


Arkadagym – göreldämiz,


Saglyk ýola gadam urýas.


Sagdyn durmuş-ýörelgämiz,


Belent ruhda öňe barýas.


Okalan sany: 171   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04966 sek. ýüklenen baýt: 47327