Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bedenterbiýe tanymal adamlaryň durmuşynda.
Ýazylan wagty: 11 октября 2015 Ýazan Mayichka

B e d e n t e r b i ý e     t a n y m a l     a d a m l a r y ň  


d u r m u ş y n d a


 


Şükür bagşy at münmegi, atly gezelenç etmegi, pyýada ýöremegi  diýseň halaýan eken. Şonuň üçin hem ol Kaka etrabynyň Duşak  obasynda ýaşasa-da, Gökdepe, Baharly, Sarahs,Tejen, Mary, Wekilbazar etraplarynda atly gezelenç eder ekeni.


Ol hakda ýazylan maglumatlarda bagşynyň Magtymguly, Etrek, Daşoguz, Hywa sebitlerinde bolandygy aýdylýar. Şükür bagşy ýüz  ýaşynda aradan çykýar.


 


Guseýin Muhtarow drama  eserlerini  ýazanynda oba  durmuşyny öwrenmek, türkmen diliniň baýlygyny artdyrmak maksady bilen obalara aýlanyp, ýaşuly adamlaryň gürrüňini diňlär ekeni. Aýtmaklaryna görä, ol her  gün ir bilen ýekeje gününi hem  sypdyrman maşk edýän eken.


 


Mäti  Kösäýew  ylym  bilen  meşgullanmaýan  wagtlary bag ekmek bilen meşgul bolýan ekeni. Howlusy her dürli bagdan we owadan güllerden doly bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, Aşgabatdaky  Magtymguly adyndaky türkmen döwlet  uniwersitetiniň köp  agaçlaryny ol öz eli bilen ekipdir. Ol: “Ýatan adam hassa bolar, maşk etmeli, mydama hereketde bolmaly” diýip hemişe  ýaşlara öwüt-nesihat berer ekeni.


 


 


Kerim Gurbannepesowyň “Şahyryň gözi” diýen kitabynda şeýle  ýazgylar bar. Ondan “Iň gowy görýän zadyň näme?” diýip sorasalar “Pyýada  ýöremek” diýip jogap berýär. Ony tanaýan adamlar, döredijilik işgärleri Kerim aganyň  öýünden tä  redaksiýalara çenli aralygy  pyýada, çalt ýöräp barýandygyny hemişe  görýändiklerini  gürrüň berýärler.


 


Okalan sany: 154   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07557 sek. ýüklenen baýt: 35611