Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
DABARALY AÇYLDY.
Ýazylan wagty: 13 октября 2015 Ýazan Mayichka

                         DABARALY AÇYLDY.


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda <<Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy>> atly VII Uniwersiýadanyň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport toplumynda geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisi gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň aýdym-saz toparynyň hem-de türgenleriň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylara ýetirildi. VII Uniwersiýadanyň düzüminde bolan sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryş ilkinji nobatda geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-sy gatnaşdy.


Oglanlaryň arasynda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty birinji boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ikinji ýeri eýelän bolsa, Türkmen döwlet maliýe instituty üçünji ýere mynasyp boldy.


Gyzlar 25 metr aralykda güýç synanyşdylar. Onda ýene-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty öňe saýlandy. Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasy ikinji orny eýeledi. Halkara türkmen-türk uniwersiteti üçünji orna mynasyp boldy.


Okalan sany: 321   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 октября 2015

SPARTALIÝADA BAŞLADY ÝENE-DE. AGZALARYMYZDAN GATNAŞÝANLARY BARMYKA ? MEŇ PIKIRIMÇE HÖKMAN BPLAÝMALY SEBÄBI BU UMUMYMILLI SPARTAKIÝADAMYZ AHYRYN. &nbsp;ÄHLIŇIZE SPORT ÝARYŞLARYNDA ÜSTÜNLIK ARZUW EDÝÄRIN.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05358 sek. ýüklenen baýt: 31334