Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Daşogzuň welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan çeperçilik sergisi açyldy
Ýazylan wagty: 14 октября 2015 Ýazan NEXTTM

Daşogzuň welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan çeperçilik sergisi açyldy

Daşogzuň welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanyp açylan çeperçilik sergisi zehinli türkmen suratkeşleri Merdan Kakabaýewiň, Azat Tuwakowyň, Nurýagdy Ataýewiň hem-de paýtagtyň “Rodoguna” çeperçilik studiýasynyň okuwçylarynyň akwarel işlerini öz içine aldy.

Professional ussatlaryň hem, diýseň ýaş žiwopisçileriň hem işleri özboluşly döredijilik çözgütleri, baý fantaziýasy, kalba ýakyn reňkleriň sazlaşygy, milli äheňleri, daş-töweregi gurşap alan dünýäni döredijilikli kabul etmek ýaly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Her bir surat Watana bolan çuňňur söýgä ýugrulandyr. Kalp ýylysy we nury siňdirilen işlerde gözel tebigatymyz, ýurduň şäherleriniň ajaýyplyklaryna öwrülen häzirki zaman binagärlik gurluşlary, gaýtalanmajak taryhy ýadygärliklerimiz, ýelden ýyndam owadan ahalteke bedewlerimiz, döwürdeşlerimiziň portretleri şöhlelendirilipdir.

Okalan sany: 134   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04649 sek. ýüklenen baýt: 31211