Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR
Ýazylan wagty: 15 октября 2015 Ýazan NEXTTM
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR

Penşenbe, 15 oktýabr 2015
2015-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Astana şäherinde Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki brifinginiň barşynda gazagystan tarapy Merkezi Aziýada howpsuzlyk bilen baglanyşykly ýagdaýa degip geçip, hamala, Türkmenistanyň serhedinde bolup geçen käbir hadysalar barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy gazagystan tarapynyň Türkmenistanyň döwlet serhedindäki hakykata laýyk gelmeýän ýagdaý barada şeýle aýdanlary bilen bagylykda ynjalyksyzlyk we düşünişmezlik beýan edýär. 

Türkmenistanyň şu mesele boýunça resmi garaýşynyň ozal metbugatda, şeýle hem dürli sebit we halkara meýdançalarynda ençeme gezek beýan edilendigini habar bermegi zerur hasaplaýarys. 

Ýokarda aýdylanlary nazara almak bilen, türkmen tarapy närazylyk bildirýär we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklardan ugur alyp, geljekde Türkmenistan bilen bagly ýagdaýa baha berende, gazagystan tarapynyň has anyk we dogry maglumatlardan ugur aljakdygyna umyt edýär. 

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy, 
Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 15-nji oktýabry.

Okalan sany: 248   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04255 sek. ýüklenen baýt: 30114