Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Saña
Ýazylan wagty: 22 октября 2015 Ýazan Krassavchik
Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede,
Ne-hä yşkdan, ne hesretden gandyk biz.
"Söýýänem" diýipdik birek-birege,
Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz.

Dözmezim sen, gözleriñden syrykdym,
Dönmezim sen - saña gurban bolaýyn.
Goýnuma däl, sen düýşüme giripsiñ,
Söýgüden ezizim, dostdan golaýym!

Seniñ penje-penje çasly gülküleñ
Gül kimin galypdyr garyñ astynda.
Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?!
Söýgi diýmek aýralykmy aslynda?!

Sen günleriñ hesret bilen ötürdiñ,
Göwnümi göterdiñ duş gelen wagtyñ.
Sen gaýdyp gelmejek yşkym ýitirdiñ,
Men ýitirdim tapyp bilmedik bagtyñ.

Duýýan indi señ dünýäñde ýa:tdygym,
Hem bagrymy gyýýar bagty keç dide.
Jahyllyga aýlanypdyr ýaşlygym,
Haremhanam aýlanypdyr metjide...
/NOBATGULY REJEBOW/ 
Okalan sany: 131   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16359 sek. ýüklenen baýt: 29332