Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“SYÝAHAT” ŽURNALY: SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGY
Ýazylan wagty: 23 октября 2015 Ýazan NEXTTM

“SYÝAHAT” ŽURNALY: SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGY

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýaş hünärmenleri Ýaponiýada “Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ýaş liderleri. Sebit syýahatçylygynyň ösüşi” diýen halkara hyzmatdaşlygy agentliginiň maksatnamasynyň çäklerinde guralan hünär kämilleşdiriş okuwyny geçip geldiler.

“Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sanynda myhman kabul etmek babatdaky işleri dolandyrmakda ýapon tejribesini öwrenmegiň geçişi barada gürrüň berilýär.
Hususan-da, “Ýaş liderler” maksatnamasy geljekde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge hem-de bu pudak bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge möhüm goşant goşup biljek işgärleriň hünär bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmaga gönükdirilendir. Hünär kämilleşdiriş okuwy syýahatçylykda döwletiň we hususy ulgamyň orny, sebitlerde syýahatçylygyň ösüşi hem-de beýlekiler ýaly ugurlary gurşap aldy. 

Okuwyň çäklerinde welaýatlaryň döwlet syýahatçylyk edaralarynyň wekilleri Honsýu adasynyň demirgazyk-gündogaryndaky Tohoku etrabynda syýahatçylygyň guralyşy, syýahatçylyk syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilişiniň iň oňat tejribesi we usullary bilen tanyşdylar, ýaponlaryň ýokary derejede ussat işgärleri bilen duşuşdylar hem-de bu pudakda häzirki zaman çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuwyň diňleýjileri Sendaý paýtagty bolan Miýagi prefekturasyna baryp gördüler, ýerli uniwersitetde bolup, tanyşdyryş çärelerine gatnaşdylar, şeýle hem Masusima şäherine, Ýakurai we beýleki ýerlere baryp gördüler. Sapaklardan başga-da, syýahatçylygy ösdürmek babatda ulag düzümleri barada gezelençler, şäheriň ýolbaşçylary hem-de syýahatçylyk boýunça ýapon assosiasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar guraldy. 

Syýahatçylyk dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň hem-de Türkmenistanda ýokary hünärli işgärleriň hemişe gerekdigini talap edýän barha depginli ösýän ulgamlaryň biridir. Myhmanlary kabul etmek işini dolandyrmak babatda goşmaça hünär biliminiň şunuň ýaly alyş-çalyş maksatnamalary ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň işiniň gerimini giňeltmäge, ýaş hünärmenlere bolsa bilimlerini we ukyplaryny baýlaşdyrmaga, hünär derejelerini ýokarlandyrmaga hem-de syýahatçylyk bazarynyň häzirki zaman şertlerinde öz işlerinde wajyp pikirleri  ornaşdyrmaga kömek edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda düýpli binýatlaýyn özgertmeleriň başyny başlap, pudagyň öňünde uly wezipeleri goýup, olary çözmegiň ýollaryny we maksadyny anyk kesgitledi: öňde goýlan wezipeler we maksatlar Türkmenistanda syýahatçylygy giň halkara derejesine çykarmakdan, häzirki zaman düzümlerini hem-de ýokary hilli hyzmaty ösdürmek esasynda dünýä jahankeşdeligine goşmakdan, milli gymmatlygy işjeň wagyz etmek arkaly bütin adamzadyň uly isleg bildirýän gymmatlygyna öwürmekden ybaratdyr.  
      
“Syýahat” žurnaly ýurdumyzyň syýahatçylygyny ösdürmegiň ýokary hünär derejeli ugurlaryny beýan edip, okyjylary bu ulgamdaky täzelikler,  bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de düzümlerini ösdürmek, dynç alşy guramagyň görnüşleri we tehnologiýalary, myhmanlary kabul etmek, hödürlenilýän hyzmatlar boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär. Öňde boljak Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu işler aýratyn depgine eýe boldy. 

Žurnalyň täze sanynda bu baradaky meselä “Aşgabat—2017: sebitiň sport we syýahatçylyk paýtagty” atly makala bagyşlanypdyr. Onda ýurdumyza sport baýramçylygyna 62 ýurtdan geljek myhmanlary garşylamaga Türkmenistanyň neneňsi taýýarlyk görýändigi barada gürrüň berilýär,  Aziada—2017-den soňky netijelere çaklama baha berilýär. Bu ýerde gürrüň durmuş, ykdysady pudaklarynda, düzümleýin döwrebaplaşdyrmalarda uzakmöhletli oňyn özgertmeler şol netijeleriň maddy däl düzüm bölekleri bolan öwrenilen bilimler, başarnyklar we toplanan tejribeler barada barýar. Munuň özi halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýynyň pugtalanmagydyr hem-de oýunlary guraýjy—Aşgabat şäheriniň ajaýyp mertebesiniň ýokarlanmagydyr. Bu daşary ýurt dillerini öwrenmäge, halkara aragatnaşyklaryny özleşdirmäge ... tarap ymtylyşdyr. 

Çünki sport ýaryşlarynyň geçirilmeginden başga-da, biz myhmanlara ýurdumyzyň ähli gözelligini we köptaraplaýynlygyny, myhmansöýerligini hem-de bütin dünýä açyklygyny, ähli pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge we özara gatnaşyklara taýýardygyny giňden görkezmek isleýäris. Aşgabat oýunlarynyň syýahatçylygyň ösdürilmegine hem kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir. 

Žurnal “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalaryň gurluşyklary, ýurdumyzda lukmançylyk we sagaldyş jahankeşdeliginiň geljegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana sapary mahalynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Yssykköl oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde Yssykölüň kenarynda türkmen işewürleriniň bäş ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygynyň taslamasy baradaky makalalary hödürleýär. 

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Syýahat” žurnaly daşary ýurtly okyjylaryny milli däp-dessurlar, halkymyzyň medeni-taryhy mirasy bilen tanyşdyrýar.  Bu bolsa ýöriteleşdirilen neşiri has-da baýlaşdyrmak bilen gyzykly hem-de meşhur edip, medeniýet, taryh, etnografiýa, ekologiýa we köpsanly beýlekiler ýaly ugurlary gurşap alyp, dürli nukdaýnazarlardan syýahatçylyk mowzugyna has giňden garamaga ýardam  edýär. 

Neşir “Dünýäniň gudraty” atly rubrika bilen jemlenýär. Onda ýerleşdirilen mowzuklaýyn täzelikler ýurdumyza innowasion çemeleşmeleri hem-de işläp düzmeleri üstünlikli ornaşdyrmaga, halkara syýahatçylygynyň kartasynda geljegi uly täze merkez hökmünde Türkmenistanyň berkarar bolmagyna ýardam bermek üçin beýleki ýurtlaryň iň oňat syýahatçylyk tejribesini öwrenmäge gönükdirilendir.

Okalan sany: 100   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04586 sek. ýüklenen baýt: 36725