Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ONUŇ ALYHEZRETI ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI JENAP SINDZO ABENIŇ INTERWÝUSY
Ýazylan wagty: 23 октября 2015 Ýazan NEXTTM


ONUŇ ALYHEZRETI ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI JENAP SINDZO ABENIŇ INTERWÝUSY

SOWAL: Hormatly Premýer-ministriň Türkmenistana şu saparynyň esasy maksady nämeden ybarat?

JOGAP: Men Ýaponiýanyň Premýer-ministri hökmünde taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belleýän ýylynda Türkmenistana gelip görýändigime şatdyryn.

Men eýýäm iki gezek Prezident Berdimuhamedow bilen duşuşdym: birinji gezek onuň 2013-nji ýylda Ýaponiýa bolan sapary hem-de şu ýylyň martynda BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini  azaltmak baradaky Maslahatyna gatnaşan  mahalynda duşuşdym. Şol duşuşyklaryň barşynda men Prezidentden Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy aldym. Men Prezidentiň çakylygy boýunça Türkmenistana gelip, Prezident bilen üçünji gezek duşuşmak mümkinçiligine örän şatdyryn.  

Soňky wagtlarda  Prezidentiň gujurly baştutanlygynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, diňe bir döwlet Baştutanlarynyň derejesinde däl-de, eýsem, ýokary hökümet derejesinde hem işjeň gepleşikler geçirilýär. Meniň şu gezekki saparym mahalynda ýanymda ýapon kompaniýalarynyň 31-siniň wekilleri bolýar. Şu gezekki saparyň çäklerinde biz köpsanly jemleýji resminamalara gol çekmegi göz öňünde tutýarys, olaryň hatarynda hususy kompaniýalaryň işewürlik resminamalary hem bar we häzire çenli bolşy ýaly, diňe bir tebigy gaz ulgamynda  hyzmatdaşlyk bilen çäklenmän, beýleki köp ugurlar boýunça hem ýokary netijeler gazanmaga umyt edýäris. 

Meniň şu gezekki saparymyň netijesinde ykdysady ulgamdan başga-da, hyzmatdaşlyk üçin diplomatik gatnaşyklar, medeniýet, sport, ýaşlary özara alyşmak  we beýlekiler boýunça täze giňişlikleriň açyljakdygyna ynanýaryn. 

SOWAL:  Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine nähili baha berýärsiňiz? 

JOGAP: Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar  Prezident Berdimuhamedowyň gujurly ýolbaşçylygnda işjeň ösdürilýär, ol eýýäm üç gezek Ýaponiýada sapar bilen boldy. Men  Prezident bilen birnäçe gezek duşuşdym we onuň ygtybarly hyzmatdaşdygyna göz ýetirdim we şu gezekki saparyň çäklerinde Prezident bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýaryn. 

Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň çäklerinde her bir aýratyn adama uly ähmiýet berýär. Her bir adamyň özbaşdaklyk gazanmak, öz zehinini ösdürmek we jemgyýetiň durmuşyna uly goşandyny goşmak mümkinçiligi islendik ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin esasy şert bolup durýar. Şeýle çemeleşmäni ugur edinmek bilen, Ýaponiýa şol sanda ýapon inženerçilik bilim ulgamyny peýdalanmak arkaly ýokary derejeli senagat işgärlerini taýýarlamakda Türkmenistanyň tagallalaryny gollamagy meýilleşdirýär. 

Daşary syýasat ulgamy barada aýdanda bolsa, Türkmenistan 2015-2016-njy ýyllarda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa”  gepleşikleriniň çäklerinde başlyklyk ediji ýurt bolmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Ýaponiýa we Türkmenistan meseleleriň aglabasy boýunça birmeňzeş garaýyşlara eýedirler we BMG-niň çäklerinde we beýleki köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk edýärler. 

Emma Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda entek doly peýdalanylmadyk uly mümkinçilikler bar. Men öňki gazanylan netijelerde saklanmak islemeýärin we  Prezident bilen bilelikde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmagy maksat edinýärin. 

Okalan sany: 118   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06136 sek. ýüklenen baýt: 33690