Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Hormatly professory” diýen ady dakmak dabarasy boldy
Ýazylan wagty: 24 октября 2015 Ýazan NEXTTM

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Hormatly professory” diýen ady dakmak dabarasy boldy

23-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardy, bu ýerde dostlukly ýurduň hökümet Baştutanyna şu ýokary okuw mekdebiniň “Hormatly professory” diýen ady dakmak dabarasy boldy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe uniwersitetiň   eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy. Bu ýerde myhmanlaryň öňünde ýaşlaryň döredijilik topary aýdym-saz we tans maksatnamasy bilen çykyş etdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri we onuň ýanyndaky  adamlar uniwersitetiň maslahatlar zalyna barýarlar. Şanly waka mynasybetli bu ýere türkmen paýtagtynyň ylmy jemgyýetçiliginiň, TDU-nyň professor – mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyplar ýygnandylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory dabarany açyp, ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekledi we şu günki wakanyň ýokary okuw mekdebiniň taryhyna aýratyn ähmiýetli waka hökmünde girjekdigini nygtady. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Ýokary attestasion komitetiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä türkmen hem-de ýapon halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, ýangyç-energetika, ylym-tehnologiýa, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň   Hormatly professory” diýen ady dakmak hakyndaky çözgüdi okalýar.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda uniwersitetiň  rektory ýapon hökümetiniň Baştutanyna milli türkmen donuny we ak telpek geýdirýär hem-de degişli diplomy gowşurýar.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa  hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  işgärlerine ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Hormatly professory diýen adynyň dakylmagy mynasybetli hoşallyk bildirdi hem-de bu waka iki ýurduň halklarynyň arasyndaky berkeýän dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.


Okalan sany: 143   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14505 sek. ýüklenen baýt: 33507