Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen milli manadynyň 22 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Ýazylan wagty: 02 ноября 2015 Ýazan Krassavchik
1-nji noýabrda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň agzalary, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary hem-de talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Maslahatyň barşynda “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, abraýly sebit we halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanda pul dolanyşygynyň taryhy hakynda çykyşlar boldy
Okalan sany: 157   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06035 sek. ýüklenen baýt: 30450