NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
* * *
Nar ekipdik seniň
bilen
Ýakasyna suwly
salmaň.
Ol meň hakydama
siňen,
Bilmen ony ýada
salman.
Gam çekýändir o
nar indem
Düýn ulalmaga
howlugan.
Haraý-dalda isläp
senden,
Garaşýandyr bir
gowluga.
Ýöräp görmekdir
hyýaly,
Başynda bolsady
kändir.
Ýöne olam meniň
ýaly
Bu dünýä düşünýän
däldir.
Derdini hiç kim
bilmese,
Ahmyr ony ýaar bu
gün.
Ol bozulýandyr
diňlese,
Aýdymyny akar
suwuň.
Guşlar bolsa
şahasynda
Aýralyga
aglaýandyr.
Dogan, salmaň
ýakasynda
Heý, bir zatlar
aňlaýarmyň?
Öz döredijiligimden.
Şu boluşam erbet däl düzedip okasaň boljak
Her kupledi aýry-aýry bolsa, has düşnükli boljakdy.
@kab, salam! Mowzugy duzeltmek uchin: mowzuk gosh diyen yere bas, taze mowzuk gosh diyen chykar, ashagyndanam sening achan mowzuklaryng spisogy chykar, haysy mowzugy duzetjek bolsang shol mowzuga bas, onsong duzeldip bolyar!
Arantes, o ýerde goşgy düzüw görünýär ekeni.
Onda bilmedim
galamyň ýiti eken welin, hasam ýiti bolsun!
gowy goshgy
gowwy
Goşgy formasy ýitdi welin, hany mowzugy düzelder ýaly funksiýa ýokmy?