Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE DESGANYŇ AÇYLYŞYNA WE BAÝRAMÇYLYK ÇÄRELERINE GATNAŞDY
Ýazylan wagty: 15 декабря 2015 Ýazan NEXTTM
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE DESGANYŇ AÇYLYŞYNA WE BAÝRAMÇYLYK ÇÄRELERINE GATNAŞDY


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

... Ir  bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Mary etrabynyň Türkmen ýoly geňeşliginiň çäklerinde bina edilen 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň esasy girelgesine gelýär. 

Milli lybasdaky ýaş türkmenistanlylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  gül desselerini gowşurýarlar. 

Türkmen Liderini dabara gatnaşyjylar — Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Mary welaýatynyň ýaşaýjylary uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.  

Ýaş türkmenistanlylar üçin täze toplumyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada uly toý ýaýbaňlanýar. Baýramçylygyň esasy gahrymanlary — çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar. Şol çykyşlarda ösüp gelýän nesilleriň bilimlere, döredijilige hem-de gözýetimleriniň giňemegine bilesigelijiligi we höwesleri öz beýanyny tapdy. Şeýle höwesler üçin häzir ýurdumyzda hemme şertler we mümkinçilikler döredildi. 

Ýaş türkmenistanlylar Watanymyzyň geljegi bolan çagalar hakdaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Ýaş nesilleri hakyky watançylyk hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň däplerinde sazlaşykly ösen, ýokary başarnykly   derejede terbiýelemek we olara bilim bermek meseleleri milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Bu gün Türkmenistanda çagalaryň oňat dynç almagy hem-de wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin hemme şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalar üçin döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezleri bina edilýär. Ulanmaga tabşyrylýan nobatdaky toplum öz geljegimizi ynanýan bagtyýar nesillerimiziň abadançylygynyň türkmen döwletiniň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. 

Soňra türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň wekilleri—oglan we gyz milli Liderimize “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly täze toplumy açyp bermegini haýyş edip ýüzlendiler.  

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalarynda çagalar bilen toý bagyny kesip, merkezi binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşurylýar. Toplumyň eýwanynda ýaş skripkaçylar hem-de çagalar döredijilik toparlarynyň sazly çykyşlary ýaňlandy. 

Döwlet Baştutanymyz  çagalar sagaldyş merkezi bilen, bu ýerde çagalaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Ýaş türkmenistanlylar üçin döwrebap toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda türkmen telekeçileriniň güýji bilen bina edildi. Ony gurluşyk pudagynda ýöriteleşen “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti gurdy. Ulanmaga tabşyrylýan täze desga welaýatda ozal bar bolan şunuň ýaly çagalar şypahanalar toplumynyň üstüni ýetirer. Şolarda müňlerçe mekdep okuwçylary dynç alyş döwründe saglygyny berkidýärler.   

Durmuş üpjünçilik desgalaryny goşmak bilen, sagaldyş merkeziniň tutuş toplumy bäş gektara golaý meýdany tutýar. Şunda bagy-bossanlyklar çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň meýdançasynyň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Telärler, oýun meýdançalary, haýwanjyklaryň şekilleri bilen bezelen ýodajyklar we köprüjikler toplumyň çäklerinde aýratyn öwüşgin berýär. Sagaldyş merkeziniň üç gatly binasynyň ajaýyp keşbi ganatlaryny giňden geren äpet guşy ýatladýar. Merkeziň her bir gatynyň peýdaly meýdançasy üç müň inedördül metre golaýdyr. 

Çagalar merkezinde ýatylýan giň we rahat otaglardan başga-da, maslahatlar zaly bolan medeniýet merkezi, kompýuter otaglary, giň naharhana, kinoteatr bar. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin amfiteatr göz öňünde tutulypdyr. Saglyk merkeziniň çäklerinde oýun, sport meýdançalary, ýüzülýän howuz, lukmançylyk merkezi ýerleşdirilipdir.   

Desga gurlanda häzirki zaman şähergurluşyk ulgamynda milli binagärligiň gadymy däpleri bilen sazlaşykly utgaşyklykda öňdebaryjy gazanylanlar peýdalanyldy. Binalaryň ählisi amatly ulag geçelgeleri we pyýada ýodajyklary bilen birleşdirildi.  

Çagalar bilen gurnak işleri üçin olaryň gyzyklanmalaryna görä, gurnagyň işiniň ugruna laýyklykda enjamlaşdyrylan aýry otaglaryň birnäçesi göz öňünde tutulypdyr. Terbiýeçiler, mugallymlar çagalara öz zehinlerini, sazçylyk studiýasynda, şeýle hem çeper halk senetçiligi bilen meşgullanmakda zehinlerini açmaga kömek ederler.  

Döwlet Baştutanymyz şekillendiriş sungaty bilen meşgullanmaga niýetlenen otaga geçýär. Şekillendiriş sungaty çaga şahsyýetiniň ösmeginde möhüm orun tutýar, gurşap alan dünýä işjeň akyl ýetirmäge, öz täsirlerini dürli görnüşlerde döredijilikli beýan etmek ukybyňy ösdürmäge ýardam berýär. 

Bu ýerde çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa el ýüzünde häli-şindi duşýan serişdeleri peýdalanmak bilen öz elleri bilen ýasan suratlaryny görkezdiler. Olaryň biri — ajaýyp ahalteke bedewiniň üstünde oturan adamyň uly göwrümli şekili milli Liderimiziň ünsüni çekdi. Bu ýerde, şeýle hem reňkli kagyzlardan we kartondan, dänäniň dürli görnüşlerinden ýasalan şekiller görkezildi. Işleriň arasynda ökdelik bilen ýerine ýetirilen güller hem-de kiçi baglar bar. 

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem Soltan Sanjar mawzoleýi hem-de Gyzgala taryhy ýadygärlikleri bolan Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Gadymy Merw” täsin taryhy-medeni ýadygärligine bagyşlanan çeper kompozisiýa görkezildi. Interaktiw tagtada şekillendiriş sungatynyň esaslary hem-de edilýän işleriň häzirki zaman görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň usullary görkezildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanşyp, biziň maksadymyz giň gözýetime hem-de häzirki zaman bilimlerine we bolan zähmetsöýer, sowatly adamlaryň nesillerini kemala getirmekden ybarat diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda toplumlaýyn işleri geçirmek gerek diýip nygtady hem-de çagalara döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygyny dowam edip, çagalar aýdym-saz toparyna üns berdi. Şol topara gatnaşyjylaryň biri -- ýaş dutarçy milli Liderimize özüniň düzen täze sazyny çalyp berdi, soňra bolsa düzüminde milli hem-de häzirki zaman saz gurallary bolan topar ussatlyk bilen saz ýerine ýetirdi. Milli Liderimiziň haýyşy boýunça gyzjagazlaryň biri klawişaly saz guralynda saz çalyp berdi. Döwlet Baştutanymyz ýaş ýerine ýetirijiniň ussatlygyny belläp, zehinli çagalardan düzülen aýdym-saz toparyny döretmek barada pikirini aýtdy. 

Soňra milli Liderimiz kompýuter otagyna bardy. Çagalaryň biri döwlet Baştutanymyza kompýuter programmalary, hususan-da, multiplikasiýa şekillerini döretmek boýunça programmalar bilen özüniň işläp bilşini görkezdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dil taýýarlygy ýaly milli bilim ulgamyny özgertmegiň wajyp ugruna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, kompýuter otagynda meşgul bolup oturan çagalar uly höwes we gyzyklanma bilen ýörite programmalaryň kömegi arkaly daşary ýurt dillerini öwrenýärler. Gyzlaryň biri döwlet Baştutanymyza bu öwrediş programmasynyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki ýagdaýlarda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň çäkleriniň işjeň giňelýändigini nazarda tutanyňda dünýäde ýaýran, şol sanda ýakynda mekdep maksatnamasyna girizilen koreý, hytaý we ýapon dillerini öwrenmek aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenlere milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda isleg bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara şu babatda maksada gönükdirilen işleri geçirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. 

Şu ýerde ýaş gyzlaryň beýleki biri kompýuteriň ýüzünde suratlary çekmäge hem-de grafiki şekilleri döretmäge ýol berýän programmanyň mümkinçiliklerini görkezdi. Gyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlikde özüniň binagär bolmak hem-de taslamalary işläp düzmek baradaky arzuwy barada gürrüň berdi. Bu bolsa geljekde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda durmuşa geçirilip bilner. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki ýolbaşçylara ýüzlenip, ýerlerde yzygiderli bolmagyň hem-de ukyply we zehinli ýaşlary ýüze çykarmagyň wajypdygyny belledi. Ýaş zehinlere hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olar üçin tanyşlyk saparlaryny hem-de medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary guramak zerurdyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara okuwda we döredijilikde üstünlikleri arzuw edip, binadan çykdy. 

Çagalar şäherçesinde wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygyňy berkitmek hem-de bedeniňi taplamak üçin hem şertler döredilipdir. Ýaş türkmenistanlylaryň ygtyýarynda, şeýle hem çeper el işleri, aýdym-saz we stol üstündäki oýunlar bilen meşgullanmak üçin otaglar bar. Dürli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport zalynda çagalar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp biler.

Täze sagaldyş merkeziniň çäklerinde owadan bezelen arça oturdylypdyr. Onuň töwereginde ýaş çagalar joşgunly aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirdiler. 

Milli Liderimiz täze çagalar sagaldyş merkeziniň enjamlaşdyrylyşy hem-de onda döredilen şertler bilen tanşandan soňra, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.  

Milli Liderimiz hemmeleri ýaş türkmenistanlylar üçin döwrebap sagaldyş merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de merkeziň ýolbaşçylaryna ulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.  

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen  mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin “Türkmeniň ak öýi” binasyna tarap ugrady. 

Mälim bolşy ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan milli ykdysadyýetimiziň esasy strategiki ugurlarynyň biri hasaplanýan nebitgaz pudagyny ösdürmäge uly üns berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny we gaz geçiriji infrastrukturalary döretmek boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Amatly geosyýasy ýagdaýda ýerleşmek bilen Türkmenistan halkara ähmiýetli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işjeň başlangyçlary öňe sürýär. Üstünlikli durmuşa geçirilen iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan-Eýran gaz geçirijilerini görkezmek bolar. 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň  şanly 20 ýyllyk baýramynyň bellenilen ýyly bolan 2015-nji ýylda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň giň göwrümli taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagy  möhüm waka boldy.  Bu ugurda önjeýli işleriň durmuşa geçirilýändigine ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek üçin alnyp barylýan işler aýdyň mysal bolýar. Ol ýerde gaz ýatagyny abadanlaşdyrmagyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde işler başlandy. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýangyç-energetika toplumy ulgamynyň işgärleriniň öndürijilikli zähmeti netijesinde ýakyn wagtda “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanar. Onuň işe girizilmegi bilen energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna çykarmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara derejesinde syýasy we ykdysady taýdan abraýy artar. Nebitgaz pudagyna innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň geologiýa-gözleg pudagynyň hünärmenleri tarapyndan ozal bar bolan hem-de täze açylýan ägirt  uly uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynyň "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda özleşdirilmegi ýurdumyza ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tebigy gazdan ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýän senagat kuwwatlyklarynyň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň güýçli depginler bilen ösmegini hem-de Türkmenistanyň ösen senagatly döwlete öwrülmegini üpjün eder. 

...”Türkmeniň ak öýüniň” merkezi girelgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mary welaýatynyň köpsanly ýaşaýjylary garşyladylar. Medeni toplumynyň çäklerinde aý öýler dikilip, olaryň öňünde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

Milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar ör turup, dowamly elçarpyşmalar bilen  garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary mähirli gutlap, ýörite özi üçin niýetlenen ýere geçýär. Häzirki dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Mary welaýatynyň ýaşaýjylary bar.

Mary şäherine “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty—2015” derejesiniň berilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde dabaraly ýagdaýda açylan bu ajaýyp medeni toplumyň konsert zalynda medeniýet işgärleri    tans we saz , folklor toparlary çykyş etdiler. Baýramçylyk konserti ýurdumyzyň folklor tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen “Ak kepderi!” edebi-çeper çykyş bilen açyldy. Şeýle hem konsertde belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri we halk aýdymlary ýaňlandy. Konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Nebitgazly Watanym” aýdymy dabaranyň ajaýyp täsirli jemlemesi boldy. 

Konsert tamamlanandan soň, ýaş türkmenistanlylar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar. 

Konsert tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli ýolbaşçylardan gutlaglary kabul etdi. 

Bu ýere ýygnananlaryň—Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nygtaýşy ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini iri öndüriji we eksport ediji hökmünde   öz ornuny pugtalandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde milli ykdysadyýetiň şu ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, bu ýere ýygnananlar milli Liderimize berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde egsilmez güýç-gaýrat hem-de täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler. 

Hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda nebitgaz toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, gaýtadan işleýän senagat desgalarynyň gurulmagyna, iri gaz geçiriji taslamalaryň durmuşa geçirilmegine döwletimiziň mundan beýläk-de uly üns berjekdigini aýtdy.  

Türkmenistan geografiki taýdan amatly ýerleşip, energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň ygtybarly sebit we halkara düzüminiň kemala getirilmegine uly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda geçirilýän toplumlaýyn işleriň ählumumy durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  häzirki  wagtda türkmen döwletiniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, munuň özi Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygynyň subutnamasydygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary, şeýle hem nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýangyç-energetika pudagynyň zähmetkeşlerine bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edip, olaryň zähmet üstünlikleriniň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň we artdyrylmagynyň, onuň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe ilerlemeginiň girewi bolup durýandygyny nygtady.         

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bellenilýän uly dabaralar hem-de iri desgalaryň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary mübärekläp, ýurdumyzda uly baýramyň - Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden we dabaraly belläp geçilendigini nygtady. Bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda halkara maslahaty geçirildi. Maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan  köpsanly ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

Halkara maslahatyna şeýle köp sanly wekiliýetiň gatnaşmagy    Garaşsyz,    Bitarap Türkmenistana dünýäde örän uly hormat goýulýandygyny aýdyň görkezdi. Halkara bileleşigi tarapyndan türkmen Bitaraplygyna uly gyzyklanma bildirilýändigini we hoşniýetli garalýandygyny subut etdi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan  Bitaraplyk syýasatyna eýerip, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy   ösdürýär.   Bilelikde halkara taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalaryň biri hem Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasydyr. Düýn biz gadymy türkmen topragynda-Mary welaýatynda  bu gaz geçirijiniň gurluşygyna badalga berdik. «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyrynyň  gurluşygyna  hem girişdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu   çäreleriň   taryhy we  syýasy taýdan   möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň ykdysady babatda hem örän bähbitli taslamadygyny aýratyn nygtady. Bu   halkara   gaz  geçirijisi  sebitde durnukly   ösüşi   üpjün   etmäge   şert döreder.  Taslama  gatnaşýan  ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge uly itergi berer. Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bu gaz geçirijiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňünde belent wezipeleri goýýandygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz şu gün şeýle möhüm ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyrýan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň giňden bellenip geçilýändigini nygtady.

Nebitgaz senagaty ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu pudagy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada uly alada edýäris. Olar üçin döwrebap ýaşaýyş  jaýlaryny,  beýleki  medeni-durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.Döwletiň geljekde hem bu pudagy ösdürmäge uly üns  berjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty we geologiýa   pudagynyň   işgärleriniň   öz öňlerinde   duran   belent  wezipeleri — möhüm  ähmiýetli halkara  taslamasyny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.
 
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy türkmen  topragy—Mary welaýaty  möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, gözümiziň  öňünde  ösýär we  özgerýär. Welaýatda  köpsanly önümçilik we durmuş   maksatly   desgalar   gurlup, ulanmaga berilýändigini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz şu gün hem şeýle desgalaryň biriniň — 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açyp, ulanmaga berlendigini aýtdy. Bu  Merkez  häzirki   döwrüň   ösen talaplaryna laýyklykda guruldy. Merkezde çagalaryň   oňat   dynç   almaklary, saglyklaryny   berkitmekleri   üçin   gowy şertler döredildi. Sport bilen meşgullanyp, wagtlaryny   peýdaly   geçirmekleri   üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzda bellenýän baýramlar, şeýle hem möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna başlanylmagy mynasybetli şu gün toý sadakasynyň berilýändigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň müftüsine ýüzlenip, tebärek çykyp bermegi haýyş etdi.

Däp boýunça tebärek çykylandan hem-de duz dadylandan soň, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, okalan hemme aýat-dogalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. 
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý sadakasyna gatnaşanlary Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hem-de Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan   gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

Toý sadakasyndan soň, döwlet Baştutanymyz  ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.  

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we şol ýerden paýtagtymyza ugrady.

***

Şu gün Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň baýram edilmeginiň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça dabaraly çäreler geçirildi. Olara gatnaşanlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş derejeleriniň ýokarlanmagyna, halkyň hal-ýagdaýynyň artmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda ýangyç-energetika toplumyna ähmiýetli orun berilýär. Örän baý uglewodorod serişdelerine eýe bolup,  Türkmenistan özüniň nebiti we gazy almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň möçberlerini köpeltmäge, häzirki wagtda özünde Ýewraziýa yklymynyň dürli künjeklerinde ýerleşen döwletlere energiýa serişdelerini eksport etmeginiň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli ýerine ýetirýär.  

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Amyderýanyň, Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly täze känlerini hem-de nebitgaz känli beýleki ýerleri özleşdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijilerinde uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümlerini çykarýan innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça wezipeleriň ägirtligi strategik taýdan möhüm pudakda anyk ykdysady bähbitleriň şertlerinde giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hakykatda çäksiz mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, häzir Türkmenistan esaslandyrylan ýagdaýda dünýäniň nebitgaz jemgyýetçiliginiň bähbitlerini özüne çekýän merkez bolup durýar. 

Dabaraly maslahatlaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pudagyň iň oňat işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Okalan sany: 433   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06021 sek. ýüklenen baýt: 63905