Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Habar beriş serişdeleri üçin
Ýazylan wagty: 16 января 2016 Ýazan NEXTTM

2016-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda «Interfaks» habarlar agentligi resmi saýtynda «gepleşiklere ýakyndan gatnaşan biriniň» maglumatlaryna esaslanyp, «Gazpromyň» «Türkmengaza» 2016-njy ýyl üçin şertnamalaýyn arakesme etmegi teklip edendigi baradaky habary ýaýratdy.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» Döwlet konserni berlen bu maglumatyň esassyzlygyny nygtamak bilen, 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda «Türkmengaz» DK-nyň Habarlar gullugynyň neşir eden press-relizinde «Gazprom eksportuň» 2016-njy ýylyň ýanwaryndan başlap türkmen tebigy gazyny almagyny bes edýändigi hakynda habar edendigini ýatladýar.

Şeýle-de, «Türkmengaz» Döwlet konserni «Gazprom eksportuň» «Türkmengaz» bilen baglaşan alyş-satyş Şertnamasyny hem möhletinden öň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap birtaraplaýyn tertipde bes edýändigi hakynda resmi ýagdaýda habar berendigini belläp geçýär.

Ýokarda aýdylanlardan netije çykarsak, «Türkmengaz» Döwlet konserni «Interfaks» habarlar agentliginiň ýaýradan bu habarynyň hakykata laýyk gelmeýändigini hem-de hiç hili esaslandyrylmadykdygyny aýan edýär.

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň Habarlar gullugy

Okalan sany: 274   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08035 sek. ýüklenen baýt: 30396