Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
kerim gurbannepesow
Ýazylan wagty: 09 октября 2012 Ýazan Aurora
Ölüm ýüpi yrgyldap dur üstünde,
Astynda-da jygyllap dur eşafot.
Emma sen şonda-da gozganman bilýäň.
Dagdanmydyň,
Daşdanmydyň,
Adamzat?
Saňa hat ýazypdyr eziz bir adam.
Üç oýnam yssy söz. Başga hiç zat ýok,
Emma sen şonda-da gozganyberýäň.
Güldenmidiň,
Süýtdenmidiň,
Adamzat?
Okalan sany: 477   Jogaplar: ( 4 )

aurora
09 октября 2012

Ogullar
Eňegne tüý çykan ýetginjek oglan
Gartaşan atasyn gysaja gysyp,
Onuň mekirligin, ýalançylygyn
Il-günden gizlemän, ýüzüne basyp,
Käbir adamlaryň aýdyşlaryça –
«Aňryk geçip geçilmeli serhetden»,
Atanyň hem hormatyny gaçyrdy,
Özüni hem mahrum etdi hormatdan.
Eňegine tüý çykan ýene bir oglan
Gartaşan atanyň göwnüni gözläp,
Onuň mekirligin, ýalançylygyn
Özüne-de aýtman, ildenem gizläp,
Käbir adamlaryň aýdyşlaryça –
«Aňryk geçmän geçilmeli serhetden»,
Atanyň hem hormatyny saklady,
Özüni hem gaçyrmady hormatdan.
Bulaň haýsy gara? Haýsy biri ak?
Doňup durun. Baş çykaryp bilemok.

aurora
09 октября 2012

Enäniň ýaşy
Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp –
eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...
Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..»
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
«Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
«Indi ata bolduň, adam bol, oglum!»
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...

aurora
09 октября 2012

näme ýazjagymy bilmedim, täzelik bolsun diýdim, sizim birzatlar ýazaýyň, saýtda öz suratymdan ýadap gitdim

permann
09 октября 2012

:)


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13343 sek. ýüklenen baýt: 31442