Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BÄSDEŞLERINDEN ARANY AÇDY
Ýazylan wagty: 18 января 2016 Ýazan NEXTTM

BÄSDEŞLERINDEN ARANY AÇDY

 “Sony” şereketiniň resmi habarlarynda berilýän maglumatlara görä, “PlayStation 4” oýun enjamy öz ugry boýunça satylyş mukdary babatynda öňdebaryjy hasaplanylýar. 2013-nji ýylda satuwa goýberilen bu enjamyň häzirki wagta çenli 30 milliona golaýy müşderilere ýetirilipdir. “Sony” şereketiniň örän şowly çykan oýun enjamy “Playstation 4”-iň jemi satuw mukdary 29.3 milliona ýetipdir. Onuň iň ýakyn bäsdeşi “Microsoft” şereketiniň “Xbox One” oýun enjamy bu ugurda 18 millionlyk görkezijini öz adyna ýazdyrmagy başardy. Sanawda ilkinji üçlügi jemlejek “Nintendo Wii U” oýun enjamynyň muşdaklary tarapyndan satyn alnan sany 10.74 milliona ýetipdir.
 Diňe 2015-nji ýylyň soňky çärýegine seredenimizde hem “Sony” şereketiniň oýun enjamy üstünlikli satuwyny dowam etdiripdir. Degişli döwrüň dowamynda 4 million enjamyny ýerlemegi başaran “Sony”, bu ugurda 1,85 million oýun enjamyny satan “Xbox One” bılen aratapawudyny mese-mälim açdy. Öňdebaryjylaryň sanawynda 3-nji ýeri eýeleýän ýapon esasly “Nintendo” şereketiniň “Wii U” oýun enjamynyň bolsa 0.72 milliony soňky çärýegiň dowamynda muşdaklaryna ýetirilipdir. Bu görkeziji “Nintendo” tarapyndan şowsuzlyk hasaplanylýar. Bu döwürde “PlayStation 4” enjamynyň beýleki öňdebaryjylardan has ozmagynyň “gizlin syry” köpleri haýran galdyrýar. Jemi satuw babatda örän şowly döwri başdan geçirýän enjamyň täze nesilinde “Lead Platform” sazlamalarynyň ýerleşdirilmegi oňa bolan islegi artdyran sebäplerden biri hökmünde aýdylýar

Okalan sany: 256   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05545 sek. ýüklenen baýt: 30871