Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Halkara atçylyk sport toplumynda dabaraly maslahat geçirildi
Ýazylan wagty: 18 января 2016 Ýazan NEXTTM

Halkara atçylyk sport toplumynda dabaraly maslahat geçirildi

17-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumynyň mejlisler zalynda  dabaraly maslahat geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmek we onyň düzümine Aba Annaýew obasyny girizmek hakyndaky kararyndan gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Halkara atçylyk sport toplumynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän 600 bedewe niýetlenen athana, çapuw ýodajyklary  we beýleki desgalar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen seýisler üçin 114 maşgala niýetlenip ýaşaýyş jaý toplumy döredilýär, orta mekdep, çagalar bagy, medeniýet we saglyk merkezleri, dükanlar, çagalar üçin meýdançalar, jemgyýetçilik çäreleri üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulandyr.

Häzirki zamanyň nusgalyk derejesine eýe bolan döwrebap oba öz ömrüni atşynaslyk sungatyna bagyşlan Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy gadymy döwürlerden bäri il içinde sarpalanýan hünär bolan atşynaslyga ykbalyny baglan adamlaryň  buýsanjyny goşalandyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen maslahat tamamlanandan soň, şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi. 

Okalan sany: 209   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05791 sek. ýüklenen baýt: 31719