Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWAZADA TÄZE SPORT TOPLUMLARYNYŇ TASLAMALARY BILEN TANYŞDY
Ýazylan wagty: 21 января 2016 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWAZADA TÄZE SPORT TOPLUMLARYNYŇ TASLAMALARY BILEN TANYŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine uçdy. Ol özüniň gysga möhletleýin dynç alyş wagtynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip, Hazar deňziniň gözel kenarynda emele gelýän dünýä derejesindäki ajaýyp şypahana bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň kenarynda ýurdumyzda ilkinji milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş edip, bu giň göwrümli maýa goýumly taslamany durmuşa geçirmäge hut özüniň ýolbaşçylyk edýänligi bellärliklidir. 
Bu ýerde halkara ölçeglerine gabat gelýän zerur infrastrukturany döretmek üçin ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli işleriň netijesinde türkmen topragynyň  bu sahawatly künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Bu gün “Awaza” türkmenistanlylaryň dynç almak üçin söýgüli ýerine öwrüldi. Onuň gözelligine ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar hem mynasyp baha berdiler. Mundan başga-da, “Awaza” ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara maslahatlarynyň, gözden geçirişleriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri bolmak bilen, iri işewürlik, medeni we sport mekrezi derejesine eýe boldy.          

Hormatly Prezidentimiziň awtomobili “Awaza” köpugurly sport toplumyna gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň  orunbasarlary garşyladylar.

Ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti sport toplumynyň eýwanyna bardy. Ol ýerde Hazar deňziniň türkmen kenaryny döwrebap infrastrukturaly häzirki zaman şypahanasyna öwrüp, öz çäklerini ýyl geldigiçe giňeldýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dikeldilýän dürli maksatly desgalaryň ýörite taýýarlanan çyzgylary we şekilleri  ýerleşdirilipdir.   

Milli Liderimiz tanyşdyryş çäresiniň barşynda köpugurly sport toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy, onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Myradym”  hususy kärhanasy amala aşyrar. Toplumyň düzümine ýedi bina girýär. Olaryň biri basketbol, ping-pong, tennis, gandbol, woleýbol oýnamak hem-de gimnastika maşklary bilen meşgullanmak üçin niýetlenendir. 2 müň  tomaşaça niýetlenilen ikinji binada giňligi 25x50 metr we 20x25 metr ýüzülýän howuz binasy, belentlikden bökmek üçin  howuz binasy,  fitnes zal we bouling zaly, sauna hammamy, kafe, owkalaýyş otaglary we beýlekiler ýerleşdiriler. 

Aýratyn bir bina fitnes maşklary, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taýekwondo, dzýu-do, sambo, erkin we grek-rim göreşi, beýleki göreşiň başa-baş görnüşleri üçin niýetlenendir. Taslamada iki gatly Buzly köşgi gurmak göz öňünde tutulýar, onda hokkeý, kýorling oýnamak, figuralaýyn typmak üçin meýdançalar, şeýle hem kafe VIP-zaly we münberli 2500 orunlyk meýdança bar, onda türgenler üçin sauna hammamy we dynç alyş otaglary ýerleşdiriler. Mundan başga-da, aýry-aýry üç binada işgärleriň iş otaglary, 150 orunlyk mejlisler zaly bolan edara binasy göz öňünde tutulandyr, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň işlemegi üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr we onda naharhana ýerleşýär, ýanaşyk çäklerinde bolsa basketbol, woleýbol, kiçi futbol oýnamak üçin açyk meýdan%C
Okalan sany: 271   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05432 sek. ýüklenen baýt: 33425