Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bedew atyň tarypyny söýläýin ...
Ýazylan wagty: 09 октября 2012 Ýazan HEZRET

Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilmegi netijesinde bu ulgam tanalmaz derejede özgerdi. Her welaýatda gurlup, ulanylmaga berlen aýlawlaryň özi muňa  subutnamadyr. Türkmen halkymyzyň ozaldan gelýän däbine öwrülen edim-gylymyna görä,  at çapmak we beýleki hereketli oýunlar toý-tomaşalaryň bezegi bolup durýar. Şonuň üçin täze gurlan aýlawlarymyzyň ähmiýeti häzirki döwürde has hem uludyr. Berkarar döwletimizde uludan tutulýan toýlar indi ýerlerdäki we paýtagtymyzdaky aýlawlarda uly şowhun bilen geçýär. Elbetde, ol aýlawlaryň gurulmagynyň esasy maksady tutuş ýurdumyz boýunça atçylyk sportuny ösdürmek we bedewlerimiziň halkara derejesinde  üstünlikli çykyş etmegini gazanmakdyr. Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň halkara derejesinde gazanan netijeleri az däldir. Özbegistanda we Russiýa Federasiýasynda geçirilen halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazanyldy. Owadanlykda Polatly 2-niň iki ýaşarlaryň arasynda tapawutlanmagy,  Pyýadanyň ahalteke atlarynyň nusgawy adyny almagy tebigy zat ýaly. Sebäbi owadanlykda  biziň atlarymyza   dünýäde taý gelýän atlaryň tohumy ýok diýsek öte geçdigimiz bolmaz.  Çünki, bu ozaldan hem hemmelere belli hakykatdyr.


Şol halkara ýaryşlarynda ahalteke atlarymyz ýyndamlykda hem tapawutlandylar.  Adaty aralyklarda birinjiligi hiç kime bermediler.  Bu üstünlikler ahalteke tohumyna degişli bolan bedewleriň arasynda gazanyldy.  Onda diňe şu tohumdan bolan atlar bäsleşdiler. Biziň bilşimiz ýaly,  dünýäniň ähli künjeklerinde,  şol sanda Ýewropada, Amerikada ahalteke tohumyndan bolan atlaryň muşdaklary kän. Ol ýerlerde Federasiýada, klublarda ahalteke bedewlerimiziň arasynda ýaryşlar hem geçirilýär, olary ösdürip ýetişdirmegiň aladasy hem edilýär.


Ynha, uly aralyklara marafon ýaryşyna ähli tohumdan bolan atlar gatnaşyp bilýärler.  Oňa hatda alaşalar hem gatnaşdyrylýar. Aralyk 30,60,90,120 kilometr bolup bilýär. Şu zeýilli ýaryşlarda hem bedew atlarymyz artykmaçlygyny görkezdi. Ýagny olar ady agzalan halkara ýaryşlarynda öňdäki  orunlara eýe çykdylar.


Ýeri gelende, ahalteke bedewleriniň uzak aralyklardaky ýyndamlygy däl-de,  çydamlylygy barada hem durup geçmek  gerek. Ýagny uzak aralyklarda belli bir kilometr geçilensoň,  atlara dynç berilýär.  Olara sportda aýdylyşy ýaly, arakesme berilýär. Ol 30 minuda  niýetlenendir.  Şu wagtyň içinde bedewler öňki kaddyna gelmeli. Biziň atlarymyza öňki kaddyna gelmek we demini dürsemek üçin 20 minut ýeterlikdir. Bu bolsa olara ýene-de 10 minut dynç alyp, taba gelmäge  mümkinçilik berýär. Şol häsiýetleriň hasabyna ýeňiş olaryň tarapynda bolýar.


Soňky döwürlerde ussat çapyksuwarlaryň ýetişmegi hem şunuň bilen baglanyşykly bolsa gerek.  Beknazar Begliýew, Begençmyrat Agamyradow, Toýlymyrat Babaýew, Enwer Babalyýew we beýlekiler halkara derejesinde geçirilýän çärelerde mynasyp çykyş edip bilýän çapyksuwarlardyr,  olaryň gaýry ýurtlarda gazanan netijeleri hem muňa güwä geçýär. Belli seýisler K.Amannazarow, I.Agamyradow, Ç.Muhammedow, B.Hydyrow bolsa, şu günki gün öz işleri bilen tanalýarlar.


Häzirki wagtda diňe bir at çapyşyklaryna däl-de, atçylyk sportuna hem üns güýçlendirildi.  Olimpiýa görnüşlerinde üstünlik gazanmak bolsa, bu sportuň esasy wezipeleriniň biridir. Meşhur Olimpiýa çempiony Absendiň, Arabyň ýoluny ýöretmek  we dünýä giňişliginde  üstünlik gazanmak üçin atşynaslarymyz uly işleriň başyny başladylar.  Konkurs boýunça,  ýagny päsgelçilikli ýaryşlar ýola goýlup,  Türkmenistanyň çempionatlary geçirilýär.  Wagt görkezijileri  ýaryşsaýyn gowulanýar.  Bu görnüşde atlara erk etmegiň özboluşly aýratynlygy bolansoň, olar çapyksuwarlardan tapawutlanýar. Olary ýetişdirmek üçin Aşgabat atçylyk sport toplumynda aýratyn  işler geçirilýär. Şonuň üçin hem bedew atlarymyzyň geljekde-de aýlawlary baglajakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýaryn.



Okalan sany: 1908   Jogaplar: ( 13 )

HEZRET
09 октября 2012

Bedew atlarymyz bilen gyzyklanýanlar üçin !

beg
09 октября 2012

ay shu osya diyilya, yaryshlar diyilya yyndam, tohum at we ş.m. eger osyan bolsa shu yylky olimpiadada atçylyk sportynyn birtopar gornuşi boldy. Şolan birinede (medal almak yenmek hakynda gurrunem etjek dal) gatnaşmady

Arantes
09 октября 2012

Dogry aydyang beg

HEZRET
10 октября 2012

@beg ýokarda daşary ýurtlarda hem ahalteke atlarynyň tohumy ösdurilip ýetişdirilýar. 

NEXTTM
10 октября 2012

Hormatly @beg we @Arantes agzalarymyz türkmendigiňize begenýäňizmaý ya-da oňam gürrüňini etmeli dälmi ...

NEXTTM
10 октября 2012

Ata-babalarymyzyň guwanjy bolan behişti bedewlerimizi näçe öwsenem azdyr, ýörite nakylam bar, bilýänsiňiz... Sagbol @hezret  agza şeýle temadan makala taýynlanyň üçin !  Wah, bedew atlarymyza muneňde özüňi han kimin duýýaňow...

NEXTTM
10 октября 2012

Ata-babalarymyzyň guwanjy bolan behişti bedewlerimizi näçe öwsenem azdyr, ýörite nakylam bar, bilýänsiňiz... Sagbol @hezret  agza şeýle temadan makala taýynlanyň üçin !  Wah, bedew atlarymyza muneňde özüňi han kimin duýýaňow...

beg
10 октября 2012

menin diyyanlerim yalanmy onda? ya menin hakykaty aytmagym bn turkmen daldigim bolyamy Watany sizden az soydugimmi?

Arantes
10 октября 2012

At bilen turkmenlik olcheyangizmi? Jogap bereyin: yok, begenemok. Gynanamogam! Haysy millet bolanda name tapawudy bar onung!

Arantes
10 октября 2012

Biz atymyza dal, oz mallarymyza has kop guwanmaly...

HEZRET
11 октября 2012

Aý, mallaryňa guwanjak bolsaňyz tema açaýyňow özbaşdak . (...)-dan şer gözleýänler siz !

TurkmenTug
12 октября 2012

Tagty Süleýmandyr,üsti bedewiň ...

Arantes
13 октября 2012

Ok hezret. Sorry


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05294 sek. ýüklenen baýt: 42540