Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Bagtly bolmagyñ sadaja usuly...
Ýazylan wagty: 24 февраля 2016 Ýazan NEXTTM

Durmuş giden bir umman... Añrysy-bärsine göz ýetirip bolanok.Şol ummanyñ bir çetinde bir gyzjagaz aglaýar, nämemiş ejesiniñ bu günki alyp beren gurjagy kiçimiş,öýdäki galan gurjaklarynam oýnap ýadanmyş...A ummanyñ bäri çetinde bir gyzjagaz gumuñ ýüzüne gurjagyñ şeklini çyzyp , hezil edip oýnap otyr.Sebäbi ol çagajyga öñ hiç wagt ene-atasy gurjak alyp bermändiler.Sebäbi olar gaty garypdylar...Soñ wagt geçdi gyzlar ulaldylar.Baý gyzyñ hiç kime göwni ýetmedi.Baýdan baýy gözledi.Hemme ýigdi özünden pes gördi.Ulumsydy , lälik saklanandy.

Hatda ejesidir kakasy oña maşyn alyp berselerem ol razy bolanokdy, at dakýardy.Garyp gyz bolda gowy terbiýe alypdy.Diñe ejesi kakasyny däl özünden uly adamlaryñ hemmesini sylaýardy.Günlerinden razydy.Ejesine ony alyp ber muny alyp ber diýen azary ýokdy.Geýenje köýnegini ýuwup-ütükläpjik geýip, köçä çykanda gymmatbaha köýnek geýýän gyzlardan birjigem kem däldi.Gaty bagtlydy.Sebäbi il arasynda abraýy bardy.A baý gyz bolsa özüne hakyky jora hem tapyp bilenokdy.Sebäbi özi ýaly baýlara-da göwni ýetmeýärdi.Bir gün bir sebäp bilen ummanyñ o çetindäki baý gyz ummanyñ bäri çetine düşüpdir syýahat edip yörkä we garyp gyzyñ şeýle garyp bolsa-da nädip bagtly bolup bilýändigini sorapdyr.

Sebäbi baý gyz hemme zady ýetik bolsa-da özüni bagtly duýmaýan eken.Şonda garyp gyz oña "Ynsan üçin iñ uly bagt özüñde bar bolan zatlaryñ gadryny bilmek.Sen pikir edip gör meñ bagtymdan kiçijekkäm ýanymyzda çäge bardy, ýüzüne gurjagyñ suratyny çeker ýaly.Ýogsam men näme oýnardym. Ulalanymda ýanymda ene-atam bardy.Men olaryñ barlygy üçin bagtlydym.Eger olar bolmasa men hossarsyz ýeke-ýalñyz galardym.Soñam men sowukda üşemez ýaly ýylynara öýmüz bardy.Oýlanyp gör, birden öýmüz bolmadyk bolsa daşarda doñup galardym.Garaz özüñi bagtly duýmagyñ iñ oñat ýoly özüñde bolan zatlaryñ gadryny bilmek diýip." sözüni soñlapdyr...
Okalan sany: 474   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05727 sek. ýüklenen baýt: 30575