Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Janly tebigatyň milli muzeýine baryp gördi
Ýazylan wagty: 29 марта 2016 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti Janly tebigatyň milli muzeýine baryp gördi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz agtyklary bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde – Gökderede ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýine baryp gördi. Milli Liderimiz gezelenjiň barşynda ýerli we daşary ýurtlardan getirilen jandarlaryň saklanyş şertleri, şeýle hem bu ýere gelýänleriň gyzykly we peýdaly dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. 


Mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş möwsüminde açyk asmanyň astyndaky bu muzeý maşgala bolup dynç almak üçin iň amatly künjekleriň biri bolup, paýtagtymyzyň hem-de onuň myhmanlarynyň, ozaly bilen bolsa körpeleriň arasynda uly meşhurlyga eýedir. 

Her bir çaga bu ýerde saklanýan jandarlary görüp şatlyk duýgularyny başdan geçirýär, olary synlamakdan lezzet alýar. Çagalar töweregi gurşap alýan haýwanat dünýäsi bilen özlerini bitewi saýýarlar. Olaryň ene-atalary hem-de ýakynlary körpeleriň tebigat bilen bu baglanyşygyny goldamaklary zerurdyr. Şonuň üçin hem körpeleriň haýwanat bagyna baryp görmegi olar üçin hemişe hakyky baýramçylykdyr. 

Şu günler Köpetdagyň etekleri baharyň gelmegi bilen güllerden dokalan halyny ýada salýar. Biziň ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen tebigaty goramak meselesine aýratyn üns berilýär, sebäbi biz tebigatyň ähli gözellikleri bilen ony geljekki nesillere ýetirmelidiris. Türkmenistanyň ekologiýasyýasaty bu maksatlara gönükdirilendir. 

Janly tebigatyň milli muzeýi iri ylmy, tebigaty goraýyş hem-de aň - bilim merkezi bolmak bilen, ösüp gelýän nesliň ekologiýa medeniýetini we düşünjesini kemala getirmek boýunça, tebigata söýgi, onuň üçin jogapkärçilik duýgusyny döretmekde, şeýle hem haýwanlaryň täsin ýerli görnüşlerini gorap saklamak hem-de sanyny köpeltmek, olary tebigy gurşawa gaýtaryp getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegi bolup durýar. 

Muzeý 40 gektardan ybarat giň çäklerde ýerleşmek bilen, onda saklanylýan üç müň sany süýt emdirijiler, guşlar, süýrenjiler, balyklar we deňizde ýaşaýan beýleki jandarlar üçin hemişelik mekana öwrüldi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz agtyklary bilen şu günki gezelenji maýmynlaryň saklanýan ýerinden başlandy. Hem-de milli Liderimiz çagalara bu täsin hem düşbi jandarlar, olaryň gylyk-häsiýetleri, kemala gelen mekanlary barada gürrüň berdi. 

Bu toplumda gaýry ýurtlardan getirilen we ýerli jandarlar üçin tebigy şertlere mümkin boldugyça ýakynlaşdyrylan şertleriň döredilendigini bellemek gerek. 

Şeýlelikde Afrikanyň jokrama çöllükleriniň hem-de sähralarynyň haýwanlary gökdere “sawannasynda” özlerini erkin duýýarlar. Olar dünýäde iň iri guşlar – düýeguşlar we ot iýýän jandarlar – gäwmişler, ak kerkler, zebralar, žiraflardyr. 

Ajaýyp dag howasy hem-de gaýtalanmajak tebigy şertler açyk tebigat astynda ýerleşýän “janly” muzeý üçin haýwanat baglaryna bildirilýän häzirki zaman halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär. 

Žiraflar hem türkmen tebigatyna örän uýgunlaşdylar, muňa ýakynda olaryň sanynyň köpelendigi hem şaýatlyk edýär, bu ýyl kiçijik žiraf dünýä indi. Döwlet Baştutanymyz haýwanat bagy boýunça gezelenjini dowam edip, agtyklaryna janly tebigatyň täsin dünýäsi, türkmen topragynda ýaýran haýwanlaryň görnüşleri barada gürrüň berdi. 

Alymlaryň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda haýwanlaryň 12 müň 600-den gowrak görnüşi bardyr, diňe Garagum çölüniň haýwanat dünýäsinde bolsa oňurgalylaryň 200 görnüşi we oňurgasyz jandarlaryň 5 müňe golaýy ýaşaýar. 

Milli Liderimiz agtyklary bilen ýyrtyjy haýwanlary hem synlady, olaryň arasynda geçigaplaňlar, ýolbarslar, gaplaňlar, syrtlanlar, möjekler, sähra gum pişigi we beýlekiler bar. 

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde ýolbarslaryň we geçigaplaňlaryň hem sany artdy, olaryň çagajyklary häzirki wagtda ösýär, bu bolsa haýwnlara göwnejaý ideg edilýändiginiň subutnamasydyr. 

Bu ýerden akýan derýajyk, emeli şarlawuk haýwanlar üçin amatly howa ýagdaýyny döretmäge ýardam berýär. Janly tebigatyň muzeýiniň esasy aýratynlygy adaty şäher haýwanat baglaryndan tapawutlylykda bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlary saklamaga hem-de olary görkezmäge mümkinçilik bar. 

Janly tebigatyň milli muzeýi dört zolaga: Afrika sawannasy we ýyrtyjy haýwanlaryň mekany onuň gündogar böleginde, toýnakly haýwanlaryň ýaşaýan ýeri we guş bazary günbatar bölekde ýerleşýär. Haýwanlaryň her bir görnüşi üçin açyk asmanyň astynda ýerleşen daşy aýlawly uly meýdançalara çykalgasy bolan gyşky jaýlar abadanlaşdyrylypdyr. Ol ýerde giň ýataklar, belentde ýerleşen guş höwürtgeleri, emeli suw howdanlary, aýlawlary bolan at ýataklary, hatda ýaşajyk haýwanlar üçin niýetlenen meýdança ýerleşýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň agtyklary bu toplumda ahalteke bedewleriniň saklanyş şertleri bilen aýratyn gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Döwlet Baştutanymyz çagalara özüniň uly sarpa goýýan bu ajayp atlar hakyndaky täsin gürrüňleri we maglumatlary aýdyp berdi. 

Soňra milli Liderimiz agtyklary bilen bilelikde “çöl gämileri” diýlip atlandyrylýan -- arwana hem-de iki örküçli düýeler saklanýan bölüme geldi. Milli Liderimiz agtyjaklary bilen iki örküçli ene düýäniň akja köşeginiň bolandygy baradaky hoş habaryň şaýady boldy. 

Muzeýiň günorta-günbatar bölegi ýyrtyjy guşlara, tropiki tokaýlaryň täsin wekillerine, köp sanly suwda ýüzýän we öý guşlaryna bölünip berlipdir. Belent gorag germewli, emeli köllerde guşlaryň örän köp görnüşleriniň – durnalaryň, ördekleriň, ajaýyp guwlaryň, ikatýoklaryň, tawuslaryň hem-de köp sanly beýleki guşlaryň sesleri aýratyn ýakymly mukam bolup ýaňlanýar. 

Janly tebigatyň milli muzeýiniň 4 gatly mermere beslenen binasy zoologiýa toplumynyň baş binagärlik desgasy bolup durýar. Ol eýwanly we göwnejaý enjamlaşdyrylan synlaýyş meýdançasy bilen üpjün edilip, bu ýerde Köpetdagyň ajaýyp görnüşi, gök meýdanlaryň we tokaý agaçlarynyň çägine çenli uzalyp gidýän giň görnüş açylýar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Janly tebigatyň milli muzeýi bilen tanyşlygyny tamamlap, agtyklary bilen özünde galan täsirler barada gürrüňdeş bolup, haýwanlary synlamagyň adamlary has hoşgylaw edýändigini, olaryň içki dünýäsini baýlaşdyrýandygyny belledi.


Okalan sany: 183   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06074 sek. ýüklenen baýt: 46408