Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Welotrek ýaryşy
Ýazylan wagty: 29 марта 2016 Ýazan Mayichka

                               Olimpiýa şäherçesinde welotrek ýaryşy.


    Geljek ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etjek Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde ilkinji ýaryşlar geçirildi.


    Aziada – 2017 sport baýramyna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Welosport federasiýasy we Milli tehniki merkezi tarapyndan guralan ýaryşlara Lebap, Mary, Daşoguz, welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň toparlary, jemi 50-ä ýakyn türgen gatnaşdy. Olar ýaş aýratynlyklary boýunça üç – 16 ýaşa çenli ýetginjekler, 1998 – 1999-njy ýylda doglan ýaşlar we uly ýaşly türgenlerden ybarat toparlara bölündiler. Medallar ugrunda welosiped ýaryşlarynyň trek görnüşleriniň ikisi – “Git” duran ýeriňden (şahsy ýaryş) hem-de yzyna düşme görnüşlerde bäsleşdiler.


    Birinji görnüşde iň oňat sport taýýarlygyny aşgabatlylar görkezdi. Olar ýaş aýratynlyklarynyň hemme toparynda hormat münberiniň ählisini eýelediler. Iň ýaşlaryň toparynda S.Gylyjow, K.Rejepow we S.Saparow tapawutlandylar. Ýaşlaryň arasynda medallary K.Ataýew, B.Seýitnazarow we O.Gaýipow, ulularyň düzüminde bolsa öňdäki orunlary A.Hojogulyýew, R.Amangeldiýew hem-de Y.Öwezmyradow dagy paýlaşdylar.


    Trek weloýaryşlarynyň ikinji görnüşinde birinjilik ugrundaky bäsleşige Lebap we Mary welaýatlarynyň toparlarynyň wekilleri goşuldylar. 2000-nji ýylda doglan we şondan ýaş ýetginjekleriň toparynda Türkmenabatdan bolan türgenler U.Huseýnow hem-de G.Jepbarow degişlilikde altyn we kümüş medallary eýelediler. Maryly welosipedçi A.Hojogulyýewe bolsa ulular toparyna gatnaşyjylaryň arasynda taý tapylmady. Yzyna düşme görnüşdäki aýratynlykdaky ýaryşda aşgabatlylar ýeke-täk altyn medaly 18 ýaşa çenli bolan ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda gazandylar. Oňa K.Ataýew mynasyp boldy.


    Mälim bolşy ýaly, welosport boýunça trek ýaryşlary Aşgabat – 2017-niň maksatnamasyna girýär. Şeýle ýaryşla, şol sanda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda guralan ýaryşlar biziň ýygyndymyza Türkmenistanyň baş sport forumyna netijeli taýýarlyk görmek üçin zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde bu ýerde ençeme ýurtlaryň güýçli türgenleriniň gatnaşmagynda synag ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.


    Häzirki wagtda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýolbaşçylary Russiýanyň Welosiped sportunyň federasiýasynyň wekilleri bilen Aşgabatda tälimçileriň hem-de eminleriň okuw maslahatyny guramak barada gepleşikleri alyp barýarlar.


    Öňde boljak Aşgabat – 2017-niň Oýunlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň Buýrugy boýunça Türkmenistanyň welosiped sportunyň Milli tehniki merkezi döredildi. Milli tehniki merkez meşhur “Durateс” çeh kompaniýasy bilen häzirki zaman sport welosipedlerini hem-de egin-eşiklerini almak hakynda ylalaşyk baglaşdy. Şeýle hem welosipedçileriň halkara birleşigi bilen türkmen welosipedçi türgenlerini taýýarlamak üçin ýokary derejeli tälimçi bilen şertnama baglaşmak barada gepleşikler alnyp barylýar.

                                                                      
Okalan sany: 169   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05735 sek. ýüklenen baýt: 34758