Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Rio 2016.
Ýazylan wagty: 29 марта 2016 Ýazan Mayichka

Tomusky olimpiýa oýunlarynyň taryhy-Rio 2016.


     Olimpiýa oýunlary gadymy Gresiýada biziň eramyzdan öň 776-njy ýylda   geçirilip başlanypdyr. Ol oýunlar Peloponnes ýarym adasynyň Alfeý derýasynyň boýunda Kronos daglarynyň eteginde Olimpiýa diýlen ýerde geçirilipdir. Olimpiýadada buthanalardan başga-da gimnaziler, palestralar, stadion we ippodrom bolupdyr. Olimpiýa oýunlary Grek halklarynyň arasynda parahatçylygy saklamak we dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin geçirilen milli olimpiýa oýunlary bolup, her 4-ýyldan gaýtalanyp geçirilipdir. Oýunlaryň arasyndaky döwür ”Olimpiýada” diýlip atlandyrylypdyr. Olimpiýa oýunlary ilkibaşda bir günüň dowamynda geçirilipdir. Biziň eramyzdan öňki 5-nji asyrdan ol 5-gün dowam edýän baýramçylyk dabarasyna öwrülýär. 15-nji olimpiýadadan çydamlylyk ylgawy goşulýar. 18-nji olimpiýadadan başlap 5-görnüşli ýaryş goşulýar: ylgamak, uzynlygyna ylgap bökmek, naýza zyňmak, disk zyňmak, göreş,  we ol soňy bilen baýramçylygyň esasy bölegine öwrülýär. Soňra oýunlara ýumruk uruşlary, atyň üstündäki hereketli oýunlar, arabaly ýaryşlar, galkanly we naýzaly ylgamak goşulýar. Daşary ýurtlulara, gullara, zenanlara oýunlara gatnaşmak gadagan edilipdir. Ilkibaşda oýunlara harby gulluga borçly grekler goýberilipdir. 37-nji oýunlardan başlap çagalar üçin bir gün goşulypdyr. Esasy baýrak zeýtun ýapragyndan boglan çemen bolupdyr. Ol bäş görnüşiň ýeňijisine gowşurylypdyr. Oýunlaryň ýeňijileri uly şöhratdan, hormatdan, sylagdan peýdalanypdyrlar. Olaryň şanyna öwgüli odalar, gimnler aýdylypdyr, ýadygärlikler gurlupdyr. Olimpiýa oýunlaryna 45-50 müň tomaşaçy gatnaşypdyr, olaryň arasynda görnükli filosoflar, taryhçylar, şahyrlar bolupdyr. Olimpiýa oýunlary 394-nji ýylda rim imperatory Feodosiý I tarapyndan ýatyrylypdyr.  Olimpiýa oýunlarynyň ýatyrylandan 1,5-müň ýyl geçenden soň, bedenterbiýe hereketlerini ösdürmek, halkara dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, şol sanda hem halkara gatnaşyklaryny gorap saklamak üçin gadymy grek Olimpiýa oýunlaryny täzeden geçirmeklik baradaky pikirler öňdebaryjy pedagoglaryň ünsüni özüne çekipdir. Fransuz pedagogy Pýer de Kuberteniň (1863-1937) inisiatiwasy boýunça 1894-nji ýylda Pariž şäherinde halkara kongresi çagyrylyp, Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) döredilipdir. Bu kongresde olimpiýa oýunlarynyň düzgünnamasy-Hartiýasy kabul edilipdir, we ony öňküsi ýaly her 4-ýyldan 1-gezek geçirmeklik karar edilipdir. Şeýlelikde 1896-njy ýylda Gresiýanyň Afiny şäherinde I olimpiýa oýunlary geçirilip başlandy. Şondan bäri olimpiýa oýunlarynyň 30-sanysy geçirildi, XXXI olimpiýa oýunlary Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde şu ýylyň awgust aýynyň 5-21 aralygynda geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde sport bilen meşgullanmak, sportda ýokary derejelere ýetmek üçin, saglygyňy berkidip bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri günsaýyn artýar, ýurdumyzda sagdyn ruhly, sagdyn bedenli ýaş nesil kemala gelýär. 2017-nji ýylda geçiriljek “Üsti ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” türkmen türgenleri uly taýýarlyk görýärler. Türkmen tugunyň astynda tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenlere üstünlik we şowlulyk ýaran bolsun.   

Okalan sany: 238   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05401 sek. ýüklenen baýt: 34703