Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Futbolçylarymyz dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň oýunlaryny tamamladylar
Ýazylan wagty: 01 апреля 2016 Ýazan NEXTTM
Futbolçylarymyz dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň oýunlaryny tamamladylar

Türkmenistanyň fubol boýunça ýygyndysy 2016-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň ahyrky duşuşygynda Hindistanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Lakkadiw deňziniň gözel kenarynda ýerleşen Koçin şäherinde geçen duşuşygyň birinji ýarymy ýer eýeleriniň artykmaçlygy bilen tamamlandy. Duşuşygyň 26-njy minudynda öz derwezelerine bir topy goýberendiklerine garamazdan, bu şowsuzlyk ildeşleriimizi birjik-de ruhdan düşürmedi. Olar oýnuň gidişini öz ellerine alyp, garşydaşlarynyň derwezesine hüjümi güýçlendirdiler. Eýýäm ikinji ýarymyň başynda türkmen futbolçylarynyň aýgytly hüjümleri öz netijesini berdi. Oýnuň 48-nji minudynda Arslanmyrat Amanow hasaby deňlemegi başardy. Ildeşlerimiz munuň bilen kanagatlanman, depgini has hem güýçlendirdiler. Olaryň duşuşygyň 70-nji minudynda geçiren hüjümi netijeli tamamlandy. Türkmenistanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren topy derwezä Serdaraly Ataýew geçirdi. 

Şeýlelikde, 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň "D" toparynda çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndysy geçiren 8 duşuşygyndan 13 utuk toplap, öz çykyş eden toparynda 3-nji orny eýeledi. Bu netijäniň ildeşlerimize 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýanyň çempionatynyň geljek ýylda başlajak saýlama duşuşyklarynda çykyş etmäge hukuk berýänligine garamazdan, bu görkeziji bilen kanagatlanmak bolmaz. Çünkihormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sporty ösdürmek üçin edýän aladalary türgenlerimizi has ýokary netijeler görkezmäge borçly edýär. Bu saýlama duşuşyklaryň aýry-aýry oýunlarynda ildeşlerimiziň oňat mazmunly oýun görkezendikleri türkmen futbolçylarynyň netijelerini has ýokarlandyrjakdygyna ynam döredýär.
Okalan sany: 164   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07227 sek. ýüklenen baýt: 31491