Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ýetginjek futbolçylar.
Ýazylan wagty: 01 апреля 2016 Ýazan Mayichka

                         Meýdanda – ýetginjek futbolçylar.


    Abadan etrabyndaky täze görke girizilen sport binasynda 1998-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň sport baradaky komitetiniň tassyklan meýilnamasy esasynda futbol federasiýasynyň guramagynda geçen ýaryşa paýtagtymyzdan üç topor, ýagny “Olimp” orta-sport mekdebiň, şäher futbol mekdebiň, geljekgi plimpiýaçylaryň futbol boýunça ýöriteleşdirilen  çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň toparlary we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen toparlar gatnaşdylar. Olar iki toparça bölünip ýaryşa girişdiler.


    “A” toparçada Balkan, Lebap, Daşoguz, SDÝUŞOR, toparlary, “B” toparçada Merw, Ahal, Olimp, Aşgabat şäher futbol mekdebi (AŞFM) toparlary deslapky duşuşyklarda özara bäsleşdiler.


    Gyzykly häsiýetde şowhun astynda dowam eden duşuşyklaryň netijesinde “A”toparçada SDÝUŞOR we Balkan, “B” toparçada bolsa Merw we ŞFM toparlary ýaryşyň final tapgyryna çykdylar.


    Toplanan utuklaryň netijesinde “Balkan” we SDÝUŞOR toparlary ýaryşyň 3-nji baýrakly ornuny kesgitleýän oýunda özara duşuşyklar.


    Duşuşygyň 1-nji ýaryşy 2-0 hasabynda SDÝUŞOR toparyna tamamlandy. Emma duşuşygyň ikinji ýaryşynda balkanly futbolçylar hasaby deňlemegi başardylar. Duşuşygyň bolsa esasy wagtynyň tamamlanmagyna bary-ýogy 10 minut galyndy. Bir ýalňyşlyk ýa-da bir üstünlik 3-nji baýrakly ornuň ykbalyny kesgitleýän biljekdi.


    Tejribeli tälimçi Arslan Annaöwezow iki hüjümçini – Nepes Lallakowy we Kril Çaryýewi meýdança goýberýär. Ussat oýunçylaryň ussatlyklary-da şu 10 minutlyklaryda aýdyň ýüze çykdy. Olaryň her biri bir gezek tapawutlanmagy başardylar we 4-2 hasabynda ýeňiş gazanan SDÝUŞOR topary öňdäki üçlügi jemledi.


    Ýaryşyň ýeňijisiniň ýagdaýy Merw bilen AŞFM-iň duşuşygynda kesgitlendi. AŞFM-bu topar Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň futbol mekdebiniň ýygyndy toparydyr. Olar hem ilkinji bolup hasaby açdylar. Topary ýaryşa mekdebiň tälimçileri Ahmet Atamyradow bilen Fazil Mämmedow ikisi taýýarlady. Emma tälimçiler Berdimyrat Ilmyradow bilen Bäşim Parahatowyň taýýarlan “Merw” toparynyň oýunçylary tiz wagtdan hasaby deňlediler we şu hasap bilen toparlar arakesmä çykdylar. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda hem öňki netijeler gaýtalandy we esasy, goşmaça wagt 2-2 hasabynda tamamlandy.


    Ýeňijiniň 11 metirlik urgylar kesgitledi. Netijede, 11 metirlik urgylary has dürs ýerine ýetiren Aşgabat şäher futbol mekdebiniň türgenleri artykmaçlyk gazanyp, arzyly Kubagyň eýesi boldylar.


Okalan sany: 199   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05416 sek. ýüklenen baýt: 33674