Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
«Gran-pri» ýaryşy.
Ýazylan wagty: 01 апреля 2016 Ýazan Mayichka


 


   2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy türgeni Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça dünýä derejesindäki iri ýaryşda uly üstünlige eýe boldy. Bu gezek Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde geçirilen «Gran-pri» tapgyrynda tapawutlandy, şol ýerde Lebap welaýatyndan bolan halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agramlyk derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.


   Dünýäniň 86 ýurdundan türgenleriň 550-ä golaýyny ýygnan abraýly ýaryşa gatnaşyjylar diňe medallar ugrunda däl-de, eýsem, reýting ballary ugrunda bäsleşdiler. Şol ballar şu ýylyň tomsunda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýär. Ozal habar berlişi ýaly, dünýä, Aziýa çempionatlarynda hem-de geçen ýylyň “Gran-pri” tapgyrynyň ýaryşlarynda eden çykyşlarynyň netijeleri boýunça G.Babamyradowa dünýä sanawynda güýçli dzýudoçylaryň onlugyna girip, 1171 utuk toplady, olimpiýa hasabatynda bolsa 954 utuk toplap, 11-nji orny eýeledi.


Okalan sany: 195   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06440 sek. ýüklenen baýt: 30270