Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
FUTBOL MILLI ÇEMPIONAT.
Ýazylan wagty: 04 апреля 2016 Ýazan Mayichka
Şu gün Futbol boýunça milli çempionatymyzyñ 5-nji tapgyrynyñ oýunlary geçirildi. Duşuşyklaryñ köpüsi meýdança eýeleriniñ peýdasyna tamamlandy. "Ýedigen"-"Turany" 2:0 hasabynda utdy. Bu üstünlik topara 4 utugy toplamaga mümkinçilik berdi. "Şagadam" bilen "Balkanyñ" duşuşugy örân çekeleşikli hâsiýeti bilen tapawutlandy. Duşuşykda toparlaryñ hiç biri gol geçirip bilmedi. Oýun 0:0 hasabynda tamamlandy. "Ahal" bilen "Altyn asyryñ" duşuşygynda 1-2 hasaba alyndy. Myhmançylykda gazanylan üstünlik aragatnaşykçylaryñ futbolçylary üçin örân möhümdir. Tapgyryñ gyzykly oýunlarynyñ biri "Merw" bilen "Energetigiñ" arasynda boldy. Hünârmenleriñ üns merkezinde bolan oýun 2:1 hasabynda tamamlandy. "Aşgabat"-"Köpetdagy" 2:0 hasabynda utdy. Köp top geçirenleriñ arasynda ahaldan Berdimyrat Rejebow 4, Hemra Amanmâmmedow 4, Balkandan Daýanç Orazgulyýew 3 top bilen öñdeligi eýeleýarler. Geçiren oýunlaryndan soñ Ahal, Merw, Energetik ýaryş tertipnamasynda 1-nji, 2-nji, 3-nji orny eýeleýârler. 
Ertir aprel aýynyñ 5-ne "Sagdynlyk we bagtyýarlyk" aýyna badalga berler.
Okalan sany: 214   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13499 sek. ýüklenen baýt: 29680