Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
“Sagdynlyk we bagtyýarlyk baýramy”
Ýazylan wagty: 04 апреля 2016 Ýazan Mayichka

                         Sagdynlyk we bagtyýarlyk baýramy


Sport saglygyň sakasy. Sport bilen meşgullanýan her bir adamyň bedeniniň berk, ruhynyň belent, janynyň sag bolýandygy tüzelik däl. Şoňa görä-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň: «Biziň görýän çärelerimiziň ählisi diňe bir ýurdumyzyň geljekgi sport üstünliklerine däl-de, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna we uzak ýaşamagyna, milletimiziň bagtly geljegine goşantdyr» diýen sözlerinden ruhlanyp, köpçülikleýin sport çärelerine uly üns berilýär. Indi her ýyl Bütindünýä saglyk günine gabatlap, tutuş ýurdumyz boýunça “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.


Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak ýurt Baştutanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda adam saglygyna, bedenterbiýä we sporta uly üns berilýär. Edaralarda, kärhanalarda we guramalarda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Sagdynlyk we bagtyýarlyk atly biraýlygyň dowamynda bolsa sport çäreleri has-da belent depginlerde dowam eder. Edara-kärhanalaryň ählisinde işgärler dürli maşklary ýerine ýetirmäge, sportuň ençeme görnüşi boýunça geçiriljek bäsleşiklere uly höwes, ruhubelentlik bilen gatnaşarlar.


   Elbetde bu biraýlyk, nesillerimiziň berk bedenli we sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerine badalga berip, olaryň zyýanly endiklerden gaça durmagyna, milli sport oýunlarymyzyň dünýä möçberinde tanalmagyna, ilatyň saglygyny berkitmäge oňaýly täsirini ýetirer. Hormatly Prezidentimiziň hur özüniň sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezip, yzygiderli saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy hemmeleriň sporta bolan höwesini goşalandyrýar.


   Milli Liderimiziň «Sagdyn-durmuş ýörelgesi adamy bezeýär, çünki saglyk milletiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýen sözleri bolsa, biziň ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ýokary tutulýan gymmatlykdygyna şaýatlyk edýär.


“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň her güni täsirli bäsleşiklere beslener. Yeri gelende aýtsak Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 13-nji noýabrynda gol çeken «Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryny guramagyň we geçirmegiň meseleleri hakyndaky Kararyna laýyklykda  «Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda umumymilli spartakiada ýaryşlary geçirilýär we bu ýaryşlar her ýylyň aprel aýynda jemlenilýär. Mundan başga-da uniwersiadalary, milli we halkara ýaryşlaryny geçirmek indi däbe öwrüldi. Şu pursatlarda guşak göreşi we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynyň gözel paýtagtymyzda geçirilendigini ýatlamak ýakymly. Milli spartakiada we uniwersiada ýaryşlaryna mekdep okuwçylary, talyplar, ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri, welaýatlarymyzyň we paýtagtymyzyň sporta höwesli ýaşaýjylary gatnaşýarlar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar bilen geçirilen VII  Umumymilli ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy has-da täsirli bolar.  


“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygy ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, şäherleridir şäherçelerinde hem guramaçylykly geçiriler. Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki sport desgalarynda baýramçylyk we ruhubaelentlik ýagdaýy höküm sürer. Biraýlgyň dowamynda sportuň futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, milli göreş, awtoulag sporty, welosiped sporty, küşt, şaşka, düzzüm ýaly görnüşleri boýunça gyzykly bäsleşikler geçiriler. Bu sport çärelerine diňe bir türgenler däl, eýsem ýurdumyzyň dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlarynyň höwes bilen gatnaşjakdyklary aýratyn belläp geçmäge mynasyp.


   Biziň ýurdumyzda indi futbol, hokkeý, sambo, tennis boýunça halkara ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, mekdepleriniň, stadionlaryň, aýlawlaryň we ençem sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ilatymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikler döredildi. Netijede, türkmen ýaşlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça ökde türgenler barha köp ýüze çykyň başlady. Şeýle bolonsoň, häzirki döwürde türkmen türgenleri halkara we dünýä ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu babatda paýtagtymyzda guşak göreşi we türkmen milli göreşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda berkarar döwletimiziň pälwanlary jemi 45 medaly paýtagtymyzda alyp galmagy başaramdyklary aýdyň mysaldyr. Onuň 16-synyň bolsa altyn medallardygy buýsançly sözlere mynasyp.


Däp bolup gelşi ýaly “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň dowamynda Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan jemi 74 sany sport ýaryşlary geçirilip, täze sport binalardyr toplumlaryň, mekdepleriň açylyş dabaralary  bu biraýlygyň esasy wakalarynyň birine öwrüler.


Okalan sany: 851   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
04 апреля 2016

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Aşgabat şäheriniň we Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň häkimlikleriniň meýilnamalaryna laýyklykda 2016-njy ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri mynasybetli Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň sport mekdeplerinde hem-de sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin sport çäreleri we önümçilik gimnastikalary geçirilýär.


Mayichka
04 апреля 2016


 “Sagdynlyk we bagtyýarlyk”


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06624 sek. ýüklenen baýt: 39084