Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ösýär türkmen sporty
Ýazylan wagty: 05 апреля 2016 Ýazan Mayichka

Ösýär türkmen sporty


 


Ýürekleriň buýsanjy barha galýar belende,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


Aslynda şeýle bolýar bagtyň çüwüp gelende,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Arkadagyň paýhasy ganat berýär ak ýola,


Şoň üçinem bu sport baglanypdyr ykbala,


Tüweleme, türkmenler ýetýär arzuw-hyýala,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Dünýä ýüzi tanaýar bu gün türkmeniň adyn,


Türgenlermiz parladýar ýurduň ýaşyl Baýdagyn,


Zybanymda wasp edip, bolmaz ondan doýdumym,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Olimpiada bolsun, ýa-da Uniwersiada,


Türkmen mynasyp bolýar çempion diýen  ada,


Şeýle beýik ýeňişler durmuşda indi kada,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Sport biziň hemramyz, badalgadyr saglyga,


Saglyk tapan adamlar eýe bolýar baýlyga,


Sagdyn  beden — sagdyn ruh, maksadymyz gowluga,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


Ýeňişleň gözbaşynda halkymyň Arkadagy,


Sport dogan-dost eýlär ýakyn bilen yragy,


Öňde şöhlesin saçýar üstnülikleň çyragy,


Şan-şöhrata beslenip, ösýär türkmen sporty.


 


                          


Okalan sany: 924   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
05 апреля 2016


Şatlygymyz çendenaşa,

Ýüreklermiz gelýär joşa,

Saglyk — baýlyk bor hemişe

Sport bilen dostlaşdyk biz.

Mayichka
05 апреля 2016

Türkmenistanyň türgenleriniň, hünärmenleriniň Ata Watanyny sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmeginiň, sport babatdaky at-abraýyny has-da ýokary götermekde edýän işleriniň hemmesiniň sakasynda Milli Liderimiziň paýhasly syýasaty durýar. Goý, Eziz  Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty barha dabaralandyrýan syýasaty has-da rowaçlansyn!


Mayichka
05 апреля 2016

Irki önümçilik maşklaryna uly höwes bilen kârdeşlerimiz bilen gatnaşdyk. Diýseñ şatlykly, şowhunly geçen bu günümiz biziñ ýadymyzda hemişelik galar. 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05531 sek. ýüklenen baýt: 39529