Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
GYZYKLY MAGLUMATLAR YLGAW BARADA
Ýazylan wagty: 07 апреля 2016 Ýazan Mayichka

GYZYKLY MAGLUMATLAR  YLGAW BARADA


Ylgaw – bu iň elýeter we iň aňsat maşklaryň biri. Ylgaw wagty adamyň myşsalaryň ähli ulgamlary hereket edýär, adam bedeni berkeýär we kämilleşýär.


                              Ylgaw barada maglumatlar:


   Biziň eýýämizden öňki olimpiýa oýunlarynda  diňe ylgaw boýunça ýaryşlar geçirilýärdi. Gadymy rowaýatlara görä, birinji olimpiýa oýunlary  b.e. öňki 1210-njy ýylda Gerakl  tarapyndan esaslandyryldy. B.e. öňki 776-njy ýyldan başlap, bir tapgyrda diňe ylgaw (192 m.) boýunça geçirilen ol oýunlaryň ýazgylary ýöredilip başlandy.  B.e. öňki 724-nji  ýyldan başlap, ýaryşlar iki tapgyra bölündi. B.e. öňki 720-nji  ýyldan başlap, ýaryşlar ýedi tapgyra bölündi. Ýaryşlara diňe erkekler gatnaşýardylar;


   Ylgaw boýunça türgenleşmegi aç öze başlamagy maslahat berilýär, sebäbi aşgazan doly bolsa aşgazanasty mäziň işi kynlaşýar we böwrüňizde güýçli agyry emele gelýär;


    Alymlar agşam ylgamagy maslahat berýärler, sebäbi irden adam bedeni doly oýanman ýürek agyryny emele getirýär;


   Noa Ngeni ylgamakda 1999-njy ýylyň 5 sentýabrynda dünýä rekordyny goýdy: ol 1 kilometri 2 minut 11 sekuntda geçdi;


   Iň ýaşy uly marafonçy – Faujy Singh 102 ýaşyndady. Ol öz durmuşynda birnäçe dünýä rekortlaryny goýdy;


   Haýwanlaryň arasynda iň çalasyn – gepart, ikinji orunda – towşan.


Okalan sany: 863   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
07 апреля 2016


Mayichka
07 апреля 2016

       Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe   bedenterbiýäni  we  sporty  köpçülikleýin   ösdürmek  milli  syýasatymyzyň  ileri  tutulýan  ugurlarynyň  biridir . Şol   syýasatyň  amala  aşyp  halkara  derejesinde  belent  sepgitlere  etilmegine ,ýaşyl Tugumyzyň  al-asmanda  parlamagyna, türkmeniň   milli  sportunyň   alyslardan  alyslara aşyp  gitmegine goşant  goşmak  bolsa  her  bir türkmenistanlynyň  jana-jan  borjudyr



О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05705 sek. ýüklenen baýt: 35330