Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bütindünýä saglyk güni.
Ýazylan wagty: 07 апреля 2016 Ýazan Mayichka

                    Bütindünýä saglyk güni.


Türkmenistan Bütindünýä saglyk günini ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belleýär. Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek ýylynda, täze mazmuna eýe bolan bu senä, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 5-nji aprelden 5-nji maý aralygynda ýurdumyzda bellenilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy gabat geldi. Köpçülikleýin sport çäreleriniň uly maksatnamasyny öz içine alan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy tutuş ýurdumyzy gurşap, sagdyn durmuş ýörelgesiniň töweregine müňlerçe adamy jemledi. Milli senenamanyň şanly seneleriniň sanawyna girizilen bu bahar güni “Saglyk ýoluna’’ köpçülikleýin çykylyp, sportuň köpsanly görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Türkmenistanyň mejlisiniň bedenterbiýe we sport baradaky kanuny döwletimiziň halkyň saglygy baradaky aladasynyň ýene bir subutnamasy bolup, ol işjeň sagaldyş hem dynç alyş bilen meşgullanmak üçin ilatyň ähli gatlaklaryna giň mümkinçilikleri kepillendirýär. Köpetdagyň gerşinden uzalyp gidýän aşgabatlylaryň hem paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan, iri sport köpçülikleýin çäreleriň, owaly bilen bolsa şanly seneler mynasybetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen “Saglyk ýoly “ sport babatynda Türkmenistanyň özboluşly nyşany bolup durýar. Hut şu sebäpli hem bu ýerde “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk ýoluna” yzygiderli çykmagy, “Saglyk ýolunyň” adamyň saglygyny berkitmekdäki ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen, raýatlarymyzda ony geçmäge bolan höwesi artdyrýar. “Saglyk ýolunyň” köpçülikleýin geçilmegi, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän beýleki köpçülikleýin sport çäreleri biziň döwletimiz üçin ýokary gymmatlyk hasaplanýan adam hakynda aladanyň aýdyň ýüze çykmasy bolup durýar.


Sport baýramçylygynda “Bütindünýä saglyk gününiň” hem-de ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen myhmanlaryň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Sport saglygyň sakasy. Sport bilen meşgullanýan her bir adamyň bedeniniň berk, ruhynyň belent, janynyň sag bolýandygy tüzelik däl. Şoňa görä-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň: «Biziň görýän çärelerimiziň ählisi diňe bir ýurdumyzyň geljekgi sport üstünliklerine däl-de, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna we uzak ýaşamagyna, milletimiziň bagtly geljegine goşantdyr» diýen sözlerinden ruhlanyp, köpçülikleýin sport çärelerine uly üns berilýär. Indi her ýyl Bütindünýä saglyk günine gabatlap, tutuş ýurdumyz boýunça Sagdynlyk we bagtyýarlyk atly biraýlygyň geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.

Okalan sany: 913   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 апреля 2016

Saglyk ýoluna ýörışe Hormatly Prezidentimiziñ hut özüniñ gatnaşmagy ideşlerimiziñ begenjini goşalandyrdy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06117 sek. ýüklenen baýt: 39059