Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Suratlar ýygyndysy
Mugallym çagalar üçin çyn jadyly surat sessiýasyny geçirdi
Ýazylan wagty: 20 мая 2016 Ýazan NEXTTM

Mugallym çagalar üçin çyn jadyly surat sessiýasyny geçirdi

Hindistanyň Uttarahande obajygyndan bolan suratçy Anşu Agarwal çagalaryň Garri Potter äleminiň jadyly sporty bolan kwiddiç oýnap ýören suratlar toplumyny paýlaşdy.

Kalap obasy Demirgazyk Hindistanyň Dehradun demirýolundan 210 km uzaklykda ýerleşýär.  Ähli ýaşlara niýetlenen mekdepde Anşu Agarwal edebiýat sapagyny geçýär we çagalara iňlis dilinde filmler görkezýär. 

Anşu Agarwal çagalara ýekşenbe günleri Garri Potter filmlerini görkezýänini we olaryň jadygöý we gözbagçy bolmak isleglerini dile getirendiklerini aýdýar. 

Boş wagtlary Anşu lewitasion surat çekmegiň tehnikalary bilen gyzyklanandygyny we kwiddiç oýnuny kameranyň üsti bilen döretmegiň kellesine gellenligini belleýär. 

"Haçan-da men olara uçmak sapaklaryny berip biljekligimi aýdanymda olaryň ýüregi heýjana geldi we meni meýdança süýräp diýen ýaly getirdiler.  4 günde agaç köprüjiklerden böküp düşülen surat materiallary bize ýeterlikdi."

"Surat sessiýasy diýseň çylşyrymlydy, emma men netijäni çagalara görkezen wagtym olar begençden gygyryşmaga başladylar."  

"Men olaryň durmuşyna az hem bolsa jadyly pursatlar goşanym üçin örän buýsandym." 

Okalan sany: 622   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04980 sek. ýüklenen baýt: 45582