Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda adam hukuklarynyň goralyşy we bu ugurda alnyp barylýan Döwlet syýasaty
Ýazylan wagty: 02 июня 2016 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanda adam hukuklarynyň goralyşy we bu ugurda alnyp barylýan Döwlet syýasaty

Türkmen halkynyň ata-babalaryndan gelýän ýörelgelerine eýerilip, mirasa sarpa goýup, Watanymyz özgerdilýär, ösdürilýär.

Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy türkmen halkyny agzybirlige, bir supranyň başyna jem bolmaga çagyrypdyr, Berkarar döwlet isläpdir.

Türkmen halkynyň bu arzuwlary häzirki döwürde hasyl boldy. Onuň aýdyň mysallary adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goraglylygy ýurdumyzyň kanunalaýygynda öz kepilini tapýar.

Bu barada Türkmenistanyň esasy Kanuny - Konstitusiýada aýratyn “Adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary” diýen bölümiň bardygy Türkmenistanda adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň, onuň döwlet syýasatynyň esasyny hasyl edýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna degişli täze maddalar oňa girizilýär, sebäbi onuň kämilleşdirilmegine ähli adamlar, halk köpçüligi giňden we işjeň gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň esasy Kanunyna laýyklykda, adamyň hukuklary we azatlyklary eldegirilmesizdir we mizemezdir, hemmeler üçin deňdir, şol sanda aýallaryň we erkekleriň hukuklary we azatlyklary hem deňdir we olary durmuşa geçirmäge deň mümkinçilikler döredilendir.

Kanuna laýyklykda her bir adamyň öz at-abraýyny, mertebesini goramaga, Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga, telekeçilik bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine, ýaşaýyş jaýyna, durmuş üpjünçiliginden peýdalanmaga, bilim almaga, medeni durmuşa gatnaşmaga, erkin döredijilige hukulary bardayr.

Türkmenistanda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwlet tarapyndan goralýar, ýaşlaryň durmuşyna gönükdirilen döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Her bir adamyň pikir we söz azatlygy kepillendirilýär, adamlaryň saglygyny gorap saklamaga, daşky gurşawy abat saklamaga mümkinçilikler döredilýär.

Raýatyň döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmak, ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren we işsiz bolan halatynda durmuş üpjünçiliginden peýdalanmak hukuklary, üstesine her ýylda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilip durulmagy, ähli amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi, köp çagaly zenanlara “Ene Mähri”, “Zenan kalby” döwlet sylaglarynyň berilmegi, zähmetde aýratyn tapawutlananlara Şa Serpaýlarynyň ýapylmagy we başga-da köp çäreler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanýandygyny onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny subut edýän hakykatdaky işlerdir.

Okalan sany: 375   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05452 sek. ýüklenen baýt: 33572