Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda ýurduň ykdysady howupsyzly ugrunda edilýän aladalar we bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty
Ýazylan wagty: 02 июня 2016 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanda ýurduň ykdysady howupsyzly ugrunda edilýän aladalar we bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty

Islendik döwletiň ykdysady taýdan durnukly ösüşi, içerki we daşarky bazarda netijeli, bäsdeşlige ukyply işlemegi, ozaly bilen, ýurduň ykdysady howupsyzlygy bilen baglanyşyklydyr. Ykdysady özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşleriň täze sepgitlerini eýeleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly milli we halkara maýa goýum taslamalary ykdysadyýetiň önümçilik, hyzmatlar we durmuş pudaklaryna hil taýdan ýokary netijeleriň gazanylmagyna, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň yzygider ýokarlanmagyna getirýär. 

Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň berkidilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň netijesinde ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalary öz içine alýar. Ýurduň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatnamalaýyn çäreleri birnäçe ugurlary öz içine alýar:
-ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy;
-innnowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegi;
-senagatlaşama syýasaty;
-maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we maýa goýum syýasaty;
-durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak arkaly milletiň intellektual mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň möçberi yzygiderli artýar. Jemi içerki önümi emele getirýän pudaklaryň düzüminiň kämilleşmegi ykdysadyýetimiziň diwersikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. 

Maýa goýumlaryň işjeňligi Türkmenistanyň ykdysadyýetine häsiýetli aýratynlayklaryň biridir. Ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň şertleri bolan bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmakda iň kämil tehnologiýalara ähmiýet berilýär. Hususan-da, innowasion önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny yzygider döwrebaplaşdyrmak kärhanalaryň ykdysady taýdan netijeli işlemekligi üçin amatly şertleri döredýär. 

Global derejede bolup geçýän ykdysady we maliýe çökgünligiň Türkmenistanyň ykdysadyýetine täsirini azaltmak we ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek çärelerinde bank-maliýe ulgamyna hem uly orun degişlidir. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy döredildi. Gaznanyň serişdeleri döwlet býujetiniň profisitinden emele getirilip, ol ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynyň daşky faktorlaryň ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam edýär. 

Ýurduň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzümleýin özgertmeleriniň ýene biri 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň döredilmegidir. Bankyň esasy wezipeleriniň biri iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek arkaly ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we bäsleşige ukyply önümçilikleri höweslendirmek bolup durýar. 
Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň maksatnamalarynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda döwletiň giň gerimli goldawy netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň senagatlaşma maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde saldamly goşant goşýarlar. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň döredilendigini hem bellemek gerek.

“Açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge amatly şertleri döredýär. Ösen tehnologiýalar we tehnikalar gönüşinde çekilýän maýa goýumlaryň netijesinde ykdysadyýetimiziň senagatlaşmagyna giň ýol açylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagat pudagynda ýangyç-energetika, hebit-himiýa, gaz-himiýa, gurluşyk senagaty, dokma we azyk senagaty, derman senagaty pudagynyň döwrebap kärhanalary ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2015-nji ýylda “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça” we “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça” Döwlet maksatnamalary kabul edildi. Maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň eksporta gönükdirilen önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça 33-sany taslamanyň, importy çalyşýan önümçilikleri ýola goýmak üçin 81-sany taslamanyň durmuşa geçirilmegi göz öünde tutulýar. 
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini döwlet tarapyndan kadalaşdyrmak arkaly, sazlaşykly ösüşi üpjün edýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň häzirki netijeleri we geljegi ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilýändiginiň subutnamasy bolup çykyş edýär.


Okalan sany: 352   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07330 sek. ýüklenen baýt: 35718