Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TOPH taslamasy dillerde
Ýazylan wagty: 03 июня 2016 Ýazan NEXTTM
TOPH taslamasy dillerde 

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasy geçen asyryň 90-njy ýyllarynda döräpdi. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň we  Owganystanyň prezidentleriniň, Pakistanyň premýer-ministiniň we Hindistanyň wise-prezidentiniň gatnaşmaklarynda TOPH-a  badalga berilmegi oňa gatnaşýan ähli ýurtlar üçin bähbitli bolan bu taslamanyň amala aşyryljakdygynyň äşgär subutnamasy boldy.

Dogrusyny aýtsak, islendik işde bolşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň hem öz tankytçylary bardy. ABŞ, RF, Hytaý ýaly iri ýurtlaryň we Aziýa ösüş bankynyň goldawyndan peýdalanýandygyna garamazdan, taslamanyň howpsuzlyk we maliýeleşdirilmek meselelerini sorag astyna alýanlar tapylýardy. Emma bu gün TOPH-yň gurluşygynyň amala aşjakdygyny hemmeler ykrar edýär.

Ýakynda TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş bankynyň (YÖB) we Saudy ösüş fondunyň isleg bildirmegi taslamanyň durmuşa geçiriljekdigini ýene-de bir gezek subut edýär.

“Yslam ösüş banky taslamanyň diňe Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän bölegini däl, eýsem Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geçýän böleklerini hem maliýeleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny we taýýarlygyny mälim etdi” diýip, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri teswirleýärler.

Umumy bahasy 10 milliard amerikan dollary töweregi boljakdygy çaklanylýan TOPH halkara gaz geçirijisiniň çykdajylarynyň aglaba bölegini Türkmenistanyň öz üstüne almagy hem bellärlikdir.

Bu ýagdaý tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan hemişelik bitarap Türkmenistanyň TOPH taslamasyny amala aşyrmakda diňe bir ykdysdady bähbitleri yzarlaman, eýsem bütin sebite parahatçylyk getirjek taslamalary öňe sürýändigine anyk şaýatlyk edýär.

Okalan sany: 270   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05319 sek. ýüklenen baýt: 31426