Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bäsdeşligiň deregne hyzmatdaşlyk
Ýazylan wagty: 03 июня 2016 Ýazan NEXTTM
Bäsdeşligiň deregne hyzmatdaşlyk

Ýaňy-ýakynda goňşy doganlyk ýurt bolan Eýran Yslam respublikasyna degişli «TNEWS.IR» täzelikler saýtynda çykarylan ““TAPI” gaz geçirijisi başa barmaýar” atly makala meni türkmen-eýran dostlugynyň janköýeri hökmünde bir tarapdan geň galdyrsa, beýleki tarapdan gynandyrdy.

Makalanyň adyndan belli bolşy ýaly, onuň awtory TAPI, ýagny TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň amala aşmajakdygyny özüçe subut etmek üçin “Owganystan we Pakistan ýurtlaryndaky durnuksuzlyk” barada birnäçe gezek tekrarlaýar. Emma bu ýerde awtor gaz geçijiniň köp ýyllyk urşy başdan geçirýän owgan halkyna ähli tarapdan bähbitlidigini, gaz bilen bile ýurda ýylylygyň, yşygyň, müňlerçe iş orunlarynyň, umuman aýdanyňda – köp garaşylan parahatçylygyň geljekdigini unudýar. 

Owgan halkynyň hemişelik bitarap Türkmenistan döwletine aýratyn garaýşy bar. Türkmenistan indi 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri Owganystana arzanladylan bahadan elektrik toguny berýär. Goňşy ýurda yzygiderli ynsanperwer kömeklerini ugratmak türkmenler üçin asylly däbe öwrüldi.

Dogrusyny dogry aýtsak, ýokarda agzalan makalanyň awtory Owganystanda garşydaş taraplaryň ylalaşmagy bilen bagly parahatçylygy gazanmak ugrundaky gepleşikler barada bilmeýär ýa-da “ýatdan çykarýar”. Internet ulgamynda ýaýradylýan beýanatlara görä, Owganystan boýunça dörttaraplaýyn toparyň parahatçylyk baradaky gepleşikleriniň 6-njy tapgyry Türkmenistanda ýa-da Katarda geçirilmegi mümkindir. Bu barada Owganystanyň parahatçylyk boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary Abdul Habir Uçgun aýdypdyr. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bitarap ýurt hökmünde, parahatçylykly gepleşikleri öz çäklerinde geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredip bermäge taýýardygy barada BMG-nyň meýdançasynda mydama belläp gelýär.

Şeýle hem Owganystanyň Yslam partiýasynyň baştutany Gulbeddin Hekmatýaryň owgan hökümeti bilen parahatçylyk hakynda deslapky şertnama gol çekendigi barada golaýda internet habarlary ýaýrady.

Bu habarlaryň ählisi Owganystana uzak garaşylan parahatçylygyň ýakyn wagtlarda geljekdigi barada umytlary döredýär.

«TNEWS.IR» saýtynda goýlan makalada bellenilşi ýaly, Eýranyň halkara energetika ylmy-barlag institutynyň hünärmeni Murteza Behruzfärd: “Meniň pikirimçe, “TAPI” taslamasy ýerine ýetirlmez we Eýranyň gaz geçirijisi bolsa üstünlikli amala aşyrlar” diýip aýdypdyr.

Meniň bolsa TOPH we “Eýran-Pakistan” gaz geçirijileriniň özara bäsdeş däldigini belläsim gelýär. Pakistanyň we Hindistanyň barha ösüp barýan ykdysadyýetleri günsaýyn energiýa serişdeleriniň goşmaça möçberlerine mätäç bolar. Şol sebäpli bu ýurtlaryň gaz bazarlarynda näçe diýseň satyjylara orun tapyljakdygyny ikirjiňlenmän aýdyp bolar.

Makalanyň awtorynyň: “Türkmenistanyň gaz eksporty taslamasynyň ýerine ýetirilmegini, onuň gaz eksport etmek boýunça esasy bäsdeşi Eýran hem goldamaýar” diýip bellemegine garamazdan, onuň şahsy pikiriniň ýurduň garaýşyny aňlatmaýandygyna ählimiz oňat düşünýäris. Emma şeýle habarlaryň jemgyýetçilik aňyna, şol sanda beýleki ýurtlardaky okyjylara nähili täsir edýändigine habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem oňat düşünmelidirler. 

«TNEWS.IR» saýtynyň awtorynyň ýaşlyk edip, ýa-da başga sebäplere görä, bu hakykata aň ýetirmeýän bolmagy mümkindir. Şol sebäpli oňa mysal hökmünde, türkmen mediýasynda gonşy ýurtlaryň energiýa taslamalary babatda henize çenli ýekeje garşylyklaýyn çykyşa hem gabat gelip görmändigimi belläsim gelýär.

Bäsdeşligiň hem kä halatlarda oňaýly taraplary bardyr. Emma sebiti gülläp ösdürmegiň açarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlykdadygy, TOPH taslamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň şu maksatdan ugur alýandygy üçin halkara gaz geçirijisiniň bellenen möhletlerde gurlup gutaryljakdygy ikuçsuzdyr.

Okalan sany: 272   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07187 sek. ýüklenen baýt: 34612